Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:43 - Mukaddes Kitap

43 Çünki ýer halk tarapyndan terk edilip, ol haraba bolup ýatyr. Halk Meniň hökümlerimi ret edip, parzlarymdan ýüz öwrendigi üçin, öz duşmanynyň ýurdunda öz etmişiniň jezasyny çeksin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

43 Чүнки ер халк тарапындан терк эдилип, ол хараба болуп ятыр. Халк Мениң хөкүмлерими рет эдип, парзларымдан йүз өврендиги үчин, өз душманының юрдунда өз этмишиниң җезасыны чексин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:43
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Manaşa muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi.


Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy.


Gör, nähili bagtly Hudaýyň terbiýeleýäni! Gudratygüýçliniň temmisini ret etme.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Ýa Taňry, aç Sen meniň agzymy, meniň dilim Saňa alkyşlar aýtsyn.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Ýolumy urduramdan soň puşman eýledim, akylyma aýlananymda dyzyma urdum. Ýaşlygymda eden aýyp işlerimden ýaňa utandym hem ile ryswa boldum“.


Şonuň üçin Reb bu belalaryň amatly pursadyny peýläp, olary biziň başymyzdan inderdi. Çünki Hudaýymyz Reb ähli edýän işlerinde adyldyr. Biz bolsa Onuň sözüne boýun bolmadyk.


Men siziň araňyzda mesgen tutaryn. Men hiç haçan sizden ýüz öwürmerin.


Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.


Olar kazyýetde paş edýäni ýigrenýärler, hakykaty sözleýäni äsgermezlik edýärler.


Bir aýda üç çopany başymdan sowdum. Men goýun söwdagärlerini ýigrendim, olar hem meni ýigrendiler.


Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.


Ynsan höweslerinden döreýän pikirler Hudaýa duşmandyr. Sebäbi olar Hudaýyň Kanunyna tabyn däldir, aslynda tabyn bolmagy başarýan hem däldir.


Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ