Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:40 - Mukaddes Kitap

40-42 Siziň nesilleriňiz öz etmişlerini we atalarynyň etmişlerini, olaryň Maňa biwepalyk edip, Meniň garşyma gidendiklerini we Meniň hem olara garşy gidip, olary duşmanlarynyň ýurduna getirendigimi boýun alarlar. Siziň nesilleriňiz boýnuýogynlyk etmeklerini bes edip, öz günäleri üçin ötünç soranlaryndan soň, Men Ýakup bilen eden ähtimi, Yshak bilen eden ähtimi, Ybraýym bilen eden ähtimi we ýurdy size bererin diýip eden wadamy ýatlaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

40-42 Сизиң несиллериңиз өз этмишлерини ве аталарының этмишлерини, оларың Маңа бивепалык эдип, Мениң гаршыма гидендиклерини ве Мениң хем олара гаршы гидип, олары душманларының юрдуна гетирендигими боюн аларлар. Сизиң несиллериңиз бойнуёгынлык этмеклерини бес эдип, өз гүнәлери үчин өтүнч соранларындан соң, Мен Якуп билен эден әхтими, Ысхак билен эден әхтими, Ыбрайым билен эден әхтими ве юрды сизе берерин дийип эден вадамы ятларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:40
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip,


özlerini ýesir alan duşmanlarynyň ýurdunda päk kalplary we jan-tenleri bilen Saňa ýüzlenip, atalaryna beren ýurduňa, Öz saýlan şäheriňe, Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, dileg etseler,


Indi bolsa ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň öňünde günäleriňizi boýun alyp, onuň erk-isleglerini ýerine ýetiriň. Özüňizi bu ýeriň halklaryndan we keseki halklardan alan aýallaryňyzdan aýry tutuň» diýdi.


Ýa Reb, eý, Ysraýyl Hudaýy, Sen adylsyň! Bu gün biziň, aman galan halkyň günäsi zerarly Seniň öňüňde durup biljegimiz ýokdur, emma şonda-da biz Seniň huzuryňda durus».


«Eý, Hudaýym, Saňa ýüzlenmäge utanýaryn! Çünki günämiz başymyzdan agdy, ýazygymyz beýgelip göge ýetdi.


Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Ýa Reb, biz öz pisligimizi, ata-babalarymyzyň ýazygyny boýun alýarys. Çünki biz Saňa garşy günä etdik.


Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär.


Olaryň erbet ýollaryny we işlerini göreniňizde, size teselli bererler we siz Meniň Iýerusalimde eden ähli işlerimi biderek ýere etmändigimi bilersiňiz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».


Eger siz Maňa garşy gitmegiňizi dowam edip, Maňa gulak asmasaňyz, boýnuýogynlygyňyz üçin Men size ýene-de ýedi esse artyk jeza bererin.


Eger kimde-kim şulardan birini edip, günä gazanandygyna göz ýetirse, ol eden günäsini boýun alsyn.


ol eden günäsini boýun alsyn we günäsi üçin öwezlik tölegini tölesin. Ýene onuň üstüne öwezlik tölegiň bäşden bir bölegini goşup, jebir çeken kişä bersin.


Olar Gilgada – rubenleriň, gatlaryň we gündogardaky manaşa tiresiniň ýanyna gelip, olara şeýle diýdiler:


Soňra Ýeşuwa Akana: «Oglum, Ysraýyl Hudaýy Rebbi şöhratlandyr we Oňa şükür et. Indi bolsa, näme eden bolsaň maňa aýt, menden hiç zat gizleme» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ