Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:37 - Mukaddes Kitap

37 Sizi kowalaýan bolmasa-da, gylyçdan gaçýan dek, biri-biriňize büdreşip ýykylarsyňyz, sizde duşmanlaryňyza garşy durmaga mejal galmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Сизи ковалаян болмаса-да, гылычдан гачян дек, бири-бириңизе бүдрешип йыкыларсыңыз, сизде душманларыңыза гаршы дурмага меҗал галмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:37
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden, Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry çäräňiz bolmaz siziň. Barybir sönmändi Rebbiň gazaby, jeza bermäge taýyndyr henizem Onuň eli.


Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“».


Köp esgerler büdredi, biri-biriniň üstüne ýykylyp: „Turuň, zalym gylyçdan gaçyp, öz halkymyza, dogduk mekanymyza dolanalyň“ diýdiler.


Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: «Ine, Men bu halkyň öňüne büdreme daşyny goýaryn, ata-eneler çagalary bilen büdräp ýykylar, goňşusy dosty bilen birlikde heläk bolar».


Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz.


Atly goşun hüjüm edýär, gylyç ýalpyldap, naýza bark urýar. Üýşmek-üýşmek jesetler, san-sajaksyz läşler, maslyklara büdreýärler!


Söweşe çykmaň, çünki Reb siziň araňyzda däl. Duşmanlaryňyza özüňizi paýhynlatmaň!


Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler.


Üç ýüz adamyň surnaý çalan wagtyndan başlap, Rebbiň emri bilen düşelgedäki midýanlar biri-birini gylyçlap öldürdiler. Midýanlaryň goşuny Serera tarap Beýtşitta çenli, Tabadyň golaýyndaky Abelmeholanyň serhedine gaçdy.


Piliştliler ysraýyllaryň garşysyna söweşmek üçin, hatara düzüldiler. Söweş ýaýbaňlanyp, ysraýyllar piliştlilerden ýeňildiler. Piliştliler söweş meýdanynda olaryň dört müň çemesi adamyny öldürdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ