Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:33 - Mukaddes Kitap

33 Men sizi gelmişek milletleriň arasyna pytradyp, garşyňyza uruş turzaryn. Siziň ýurduňyz çolaryp, galalaryňyz haraba öwrüler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Мен сизи гелмишек миллетлериң арасына пытрадып, гаршыңыза уруш турзарын. Сизиң юрдуңыз чоларып, галаларыңыз хараба өврүлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:33
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Saňa garşy günä etseler, – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse,


Nebuzaradon Rebbiň öýüne, patyşanyň öýüne we Iýerusalimiň ähli jaýlaryna ot berdi; ol uly jaýlaryň ählisini ýakdy.


Emma siz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar.


Olar maňa: «Ýesirlikden gutulyp, aman galan ýahudylar uly betbagtçylykda; olar ile masgaradyrlar; Iýerusalimiň diwarlary ýumrulyp, onuň derwezeleri oda ýandy» diýip gürrüň berdiler.


Guluň Musa: „Eger biwepalyk etseňiz, sizi halklaryň arasyna pytradaryn. Ýöne siz Maňa dolanyp, tabşyryklarymy ýatda saklap, berjaý etseňiz, siziň sürgün edilenleriňiz ýeriň aýagujunda bolsa-da, Men olary şol ýerden ýygnap, Öz adymyň mesgen tutmagy üçin saýlan ýerime getirerin“ diýen sözleriňi ýada sal.


Soňra Haman Kserks patyşa şeýle diýdi: «Siziň patyşalygyňyzyň ähli welaýatlaryndaky halklaryň arasyna ýaýran, ýöne olardan aýry ýaşaýan bir halk bar. Olaryň kanunlary-da beýleki halklaryňkydan üýtgeşik. Mundan başga-da, olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýärler. Olara beýle zada ýol bermeklik patyşanyň bähbidine däl.


Serhoş kimin yranyp entirekledi, akyl-huşlary başyndan uçdy.


Eý, şa gyzy, diňle, oýlan hem-de gulak goý, sen öz halkyňy, ataň öýüni unut.


Şa arzuwlar seniň gözelligiňi, ol seniň hojaýynyň, oňa tagzym et.


Ýurduňyz harabalyk, şäherleriňiz oda ýanan; kesekiler gözüňiziň alnynda ýurduňyzy ýalmaýarlar, ony haraba öwürýärler.


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Men olary çöl ýeli bilen sowrulýan saman külkesi kimin dargadaryn.


Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işlerinden ýaňa bütin dünýäniň patyşalyklaryny howp astyna salaryn.


Rebbiň sözüni diňläň, eý, milletler, ony uzakdaky kenarlarda yglan edip diýiň: „Ysraýyly dargadan Hudaý ony ýygnar, çopanyň öz sürüsini goraýşy ýaly gorar“.


Arslan süreninden çykdy, milletleri heläkleýji ýola düşdi. Ýurduňyzy weýran etmek üçin, Ol mekanyndan çykdy. Şäherleriňiz ýer bilen ýegsan bolup, ilatsyz haraba döner.


Ýurduň harabaçylyga öwrülendigi üçin, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalimiň köçelerinde şatlykdyr gülki sesini, ýigit bilen gelniň toý sesini keserin“».


Bu pis kowumdan aman galanlaryň hemmesi dargadan ýerlerimde ýaşaýşy däl-de, ölümi saýlar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Men olary özleriniň hem, ata-babalarynyň hem tanamadyk milletiniň arasyna pytradaryn. Olary ýok edýänçäm, yzlaryna gylyç salaryn».


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


Ýahuda köp hasrat we agyr zähmet çekdi, indi bolsa ýesir edip äkidildi. Ol milletler arasynda ýaşaýar. Ol hiç bir dynçlyk tapman, betbagtlyga uçranynda, kowguçylarynyň eline düşdi.


Halk olara: «Ýok boluň, eý, haramlar! Gaçyň! Aýrylyň! Ellemäň!» diýdi. Şeýdip, olar kowlup, sergezdan boldular. Milletler arasynda olara şeýle diýildi: «Bu ýerde mundan artyk galmasynlar!»


Rebbiň Özi olary dargatdy, Reb indi olara nazar salmaz. Ruhanylaryna hormat goýulmaz, ýaşulularyna rehim edilmez.


Ilatly galalar weýran bolar, ýurt haraba döner. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».


Mundan başga-da, Men olary milletler arasyna pytradyp, başga ýurtlara dargatjakdygyma çölde ant içdim.


Men seni milletleriň arasyna dargadaryn, ýurtlara pytradaryn, haramlygyňyň soňuna çykaryn.


Şäheriň gabaw günleri tamamlananda, onuň üçden birini şäheriň ortasynda ýak. Beýleki üçden birini al-da, tutuş şäheriň töweregine gylyç bilen pytrat. Galan üçünji bölegini bolsa ýele sowur, Men-de gylyjymy ýalaňaçlap, olaryň yzyndan kowalaryn.


Olar weýrançylykdan gutulsalar-da, Müsür olary ýygnap alar. Memfis şäheri olary gabra gömer. Kümüş hazynasyny demirtiken örter. Çadyrlarynda ýandak biter.


Duşmanlarynyň öňüne düşüp, ýesirlige gitseler-de, ol ýerde gylyja buýruk bererin; ol-da olary öldürer. Men olardan nazarymy aýyrmaryn, emma ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin şeýderin».


Şeýdip, Men olary tanamaýan-bilmeýän milletleriň arasyna harasat bilen dargatdym. Olaryň taşlap giden ýurduny harabaçylyga öwürdim. Ol ýerde janly-jemende galmady; ne gözel ýurt tozap galdy“».


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek milletleriniň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ