Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:32 - Mukaddes Kitap

32 Siziň ýurduňyzy şeýle bir weýran ederin welin, onda ornaşmaga gelýän duşmanlaryňyz muňa haýran galarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Сизиң юрдуңызы шейле бир вейран эдерин велин, онда орнашмага гелйән душманларыңыз муңа хайран галарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:32
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu öý harabalyga öwrüler. Onuň ýanyndan geçýän her bir kişi oňa haýranlar galyp, pyşyrdaşyp: „Reb näme üçin bu ýurdy, bu öýi beýle terk etdikä?“ diýer.


Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.


Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.


Hökmürowan Rebbiň şeýle diýenini eşitdim: «Beýik hem gözel jaýlar haraba öwrüler, içinde hiç kim galmaz.


Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,


Mukaddes şäherleriň çöl boldy, Sion düzlüge, Iýerusalim haraba öwrüldi.


Ony harabaçylyga dönderdiler, haraba içinde huzurymda aglaýar. Tutuş ýurt weýran boldy, emma hiç kimiň piňine-de däl.


Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar.


Men bu şäheri harabaçylyga öwrüp, ryswa ederin. Ol ýerden geçýänleriň baryny gorky basar we onuň başyndan inen ähli bela-beterler sebäpli oňa sykylyk çalarlar.


Bu ýurt tutuşlygyna harabaçylyga we gorkunç ýere öwrüler. Bu milletler ýetmiş ýyllap Babyl patyşasyna gulluk ederler.


Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim.


Reb arslan deý süreninden çykdy. Onuň lowlaýan gazabyndan ýaňa, zalymlaryň gaharyndan ýaňa, olaň ýurdy harabalyga döndi».


Reb şeýle diýýär: „Siz bu şäher weýran bolup, ynsansyz we haýwansyz çöl bolar diýdiňiz. Emma ilaty galman, ynsansyz we haýwansyz çolaran Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde ýene-de


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz Meniň Iýerusalim bilen tutuş Ýahuda şäherleriniň başyndan inderen betbagtçylyklarymy gördüňiz. Siziň özüňiz, ol şäherliler we ata-babalaryňyz tanamaýan başga hudaýlaryňyza ýakymly ysly tütetgi ýakmaga, olara gulluk etmäge gidip, Meniň gaharymy getirdiňiz. Şol sebäpli, ine, bu gün şäherler weýran boldy we ilatsyz galdy“.


Reb edýän pis işleriňizden we nejis zatlaryňyzdan ýaňa mundan artyk saklanyp bilmedi. Munuň üçin ýurduňyz bu günki bolşy ýaly, ilatsyz harabaçylyga öwrüldi, howpa we gargyşa sezewar boldy.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Dünýädäki patyşalaryň, ynsanlaryň hijisi Iýerusalimiň derwezelerinden ýagylardyr duşmanlaryň girjegine ynanmazdylar.


Çünki Sion dagy weýran bolup, şagallar sümsünişip ýör üstünde.


Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym.


Eý, Hudaýym, diňle we eşit! Gözleriňi açyp, biziň weýrançylygymyza we Seniň adyň dakylan şähere seret. Biziň dogruçyldygymyz sebäpli däl-de, eýsem Seniň beýik rehimdarlygyň sebäpli öz nalyşlarymyzy Seniň huzuryňa getirdik.


Onuň şalygynyň birinji ýylynda men Danyýel Mukaddes Ýazgylara ser saldym. Men olardan Rebbiň Ýermeýa pygambere iberen sözüne görä, Iýerusalimiň ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygyna düşündim.


Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da,


Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny gören çagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygyny biliň.


Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ