Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:30 - Mukaddes Kitap

30 Siziň seždegähleriňizi ýykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakýan sypalaryňyzy weýran ederin. Siziň maslyklaryňyzy ýykylan butlaryňyzyň maslyklarynyň üstüne üýşürerin. Men sizi ret ederin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Сизиң сеждегәхлериңизи йыкып, якымлы ыслы түтетги якян сыпаларыңызы вейран эдерин. Сизиң маслыкларыңызы йыкылан бутларыңызың маслыкларының үстүне үйшүрерин. Мен сизи рет эдерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:30
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi».


Ýaňky Hudaýyň adamy Rebbiň tabşyrygy boýunça gurbanlyk sypasyna gygyryp şeýle diýdi: «Eý, gurbanlyk sypasy, Reb şeýle diýýär: „Ine, Dawudyň neslinden bir ogul dünýä iner, onuň ady Ýoşyýa bolar. Ýoşyýa seždegählerde ýakymly ysly tütetgi ýakýan ruhanylaryň özlerini seniň üstüňde gurbanlyk eder. Üstüňde ynsanlaryň süňkleri ýakylar“».


Ýoşyýa töweregine seredende, şol ýerdäki daglykdaky mazarlygy gördi. Onsoň ol şol ýere adam iberip, Rebbiň Hudaýyň adamynyň üsti bilen aýdan sözüne görä süňkleri mazarlardan çykartdy we olary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýakyp, gurbanlyk sypasyny haram etdi.


Ýoşyýa patyşa ol ýerdäki ähli seždegähleriň ruhanylaryny gurbanlyk sypalarynyň üstünde öldürip, gurbanlyk sypalarynyň üstünde adam süňklerini ýakdy. Şondan soň Ýoşyýa Iýerusalime dolanyp geldi.


Ýoşyýa ýahuda galalaryndan ähli ruhanylary getirip, Gebadan Beýerşeba çenli ruhanylaryň ýakymly ysly tütetgi ýakýan seždegählerini harama çykardy. Ýoşyýa şäher häkimi Ýeşuwanyň şäher derwezesiniň çep tarapyndaky girelgesindäki seždegähleri ýok etdi.


Onsoň bütin halk Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler.


Pesah baýramy tamamlanandan soň, ol ýerdäki bütin ysraýyl halky Ýahuda galalaryna gidip, dikme daşlary kül-owram edip, Aşera butlaryny kesdiler. Bütin ýahuda, benýamin, efraýym we günbatardaky manaşa tireleriniň ýaşaýan ýerlerinde bolan seždegähleri we gurbanlyk sypalarynyň ählisini ýok etdiler. Onsoň ysraýyl halkynyň hersi öz galalaryna, öz mülklerine dolandy.


Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar, olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.


Şeýdip, Ýakubyň etmişi ötüler, günäsiniň ötülmeginiň doly miwesi şu bolar: Gurbanlyk sypalarynyň ähli daşlary hek daşlary deý owradylanda, ne Aşera butlary, ne-de tütetgi sypalary galar.


Ýahudany bütinleý ret etdiňmi? Siony ýürekden ýigrenýärsiňmi? Näme üçin şypa tapmaz ýaly, bizi beýle ýaraladyň? Biz parahatlyk gözledik, emma haýyr tapmadyk. Şypa wagtyna garaşdyk, emma howp abanýar.


Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».


Seni olaryň eline bererin, olar seniň çadyryňy ýykarlar, seždegähleriňi kül-peýekun ederler, egniňden eşigiňi sypyrarlar, şaý-sepleriňi alyp, seni ýalaňaç we alaň-açyk galdyrarlar.


Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, seždegählerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy haram etmezler.


Her bir beýik baýryň depesindäki, ähli daglaryň başyndaky, her bir gür ýaprakly agajyň astyndaky we belent dub agajynyň astyndaky gurbanlyk sypalarynyň we butlarynyň arasynda, tütetgi hödür edilýän ähli ýerlerinde olaryň gylyçdan geçirilenleri serlip ýatanda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.


Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy. Ýazyklaryna görä jeza alarlar. Reb olaryň gurbanlyk sypalaryny dargatjak, dikme daşlaryny syndyrjak.


Öňüňizden kowup çykarýan milletiň adatlaryna eýermäň, çünki şeýle işler edendikleri üçin Men olary ýigrendim.


Men siziň araňyzda mesgen tutaryn. Men hiç haçan sizden ýüz öwürmerin.


Hökmürowan Reb Özünden ant içip, şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin». Muny Hökmürowan Beýik Hudaý aýdýandyr.


Yshagyň butlara seždegähleri weýran ediler, Ysraýylyň mukaddes öýleri haraba öwrüler, Ýarobgam kowumyna garşy gylyçly aýaga galaryn».


Muny gören Rebbiň olara gahary geldi, olaryň ogul-gyzlaryny ret etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ