Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:25 - Mukaddes Kitap

25 Men siziň ýurduňyzda uruş turzaryn. Ähtimi bozanlygyňyz üçin, Men size hökman jeza bererin. Eger siz galalaryňyzda gaçyp gizlenseňiz, Men siziň araňyza gyrgyn keselini ibererin. Şeýdip, Men sizi duşmanyňyzyň eline bererin we olar siziň üstüňizden höküm sürerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Мен сизиң юрдуңызда уруш турзарын. Әхтими бозанлыгыңыз үчин, Мен сизе хөкман җеза берерин. Эгер сиз галаларыңызда гачып гизленсеңиз, Мен сизиң араңыза гыргын кеселини иберерин. Шейдип, Мен сизи душманыңызың элине берерин ве олар сизиң үстүңизден хөкүм сүрерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:25
42 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb ir säherden başlap, tä bellenen möhlet dolýança, Ysraýyla gyrgyn keselini iberdi. Dandan Beýerşeba çenli aralykda ýaşaýan ilatdan ýetmiş müň adam bu keseliň pidasy boldy.


Seniň halkyň Ysraýyl Saňa garşy günä edenligi zerarly duşman öňünde ýeňlişe sezewar bolanda, täzeden Saňa ýüz tutup, Seniň adyňy ykrar etse, şu öýde Saňa dileg edip, ýalbarsa,


Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da,


Aşur patyşasy Şalmaneser Hoşeýa garşy hüjüm etdi. Hoşeýa Şalmanesere tabyn bolup, oňa salgyt töledi.


Siriýalylaryň goşuny az hem bolsa, Reb Ýahudanyň uly goşunyny olaryň eline berdi, çünki Ýahudanyň halky ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi terk edipdiler. Şeýdip, olar Ýowaşy jezalandyrdylar.


Geliň, Rebbe nagma aýdaly, halas edýän gaýamyza şatlanyp, aýdym aýdaly.


Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler.


Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.


Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz».


Bu ýerde Ýahuda bilen Iýerusalimiň niýetlerini puja çykararyn. Olary janlarynyň kastyna çykanlaryň eline berip, duşmanlarynyň öňünde gylyçdan heläk ederin. Jesetlerini guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam ederin.


Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».


Babyldan gaçyp gutulanlar Hudaýymyz Rebbiň öjüni, Onuň ybadathanasynyň öjüni Sionda yglan edýärler, Olaryň seslerini eşidiň!


Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar.


Men olary özleriniň hem, ata-babalarynyň hem tanamadyk milletiniň arasyna pytradaryn. Olary ýok edýänçäm, yzlaryna gylyç salaryn».


Ýaşy-garrysy ýoluň üstünde ýatyr, gyzlarymdyr ýigitlerimi gylyçdan geçirdiler. Gaharyň gelen güni Sen olary öldürdiň, rehimsizlik bilen baryny gyrdyň.


Ýa-da ol ýurduň üstüne gylyç getirip: „Eý, gylyç, ýurduň içinden geç!“ diýsem, ondaky ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlasam,


Men sizi gözden geçirip, ähte boýun bolmaga mejbur ederin.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men seniň üstüňden gylyç inderip, ynsany-da, haýwany-da senden sogrup taşlaryn.


«Eý, ynsan ogly! Men bir ýurduň üstünden gylyç inderenimde, ol ýurduň halky öz arasyndan bir adamy saýlap, özlerine gözegçi goýjakdygyny ildeşleriňe aýt.


Üstüňize açlyk we ýyrtyjy haýwanlary ýollaryn; olar sizi perzentsiz goýarlar; mergi we uruş sizi ýok edip taşlar, başyňyzdan gylyç salaryn. Muny Men-Reb aýtdym».


Eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni diňläň! Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere şeýle diýýändir diý: „Ine, hut Men, Meniň Özüm üstüňize gylyç getirerin, seždegähleriňizi ýok ederin.


Galalarynda gylyç ýalawlanyp, derweze gözeneklerini gyrar, olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.


Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz.


Müsürdäki ýaly araňyza mergi iberdim, ýaş ýigitleriňizi gylyçdan geçirdim, atlaryňyzy duşmanlaryňyza berdim. Burnuňyzy düşelgäňiziň porsy ysyndan doldurdym, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Onuň öňünden gyrgyn keseli, yzyndan ölüm gitdi.


Men bulary gyrgyna bererin we mirasdan mahrum ederin. Senden bulara görä has beýik we has güýçli bir millet dörederin».


Koranyň gozgalaňynda ölenlerden başga, gyrgynçylykdan ölenleriň sany on dört müň ýedi ýüz adam boldy.


Onsoň Musa gelip, halka: «Midýanlaryň garşysyna uruşmak üçin öz araňyzdan esgerler saýlaň, goý, olar Rebbe eden işi üçin midýanlaryň jezasyny bersinler.


Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýertitremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunç wakalar, gökden uly alamatlar bolar.


Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer.


Ýigit ýa-da gyz bolsun, emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok, daşarda gylyç heläk eder, içerde olary gorky öldürer.


Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, jeza güni gaty golaýdyr“.


Men lowurdaýan gylyjymy çarhlap, höküm etmek üçin elime alsam, duşmanlarymdan ar alaryn, Meni ýigrenýänleň jezasyny bererin.


Üç müň sany ýahudaly çykyp, Eýtam gaýasyndaky gowaga tarap gitdiler we baryp Şimşona: «Biziň üstümizden piliştlileriň höküm sürýändiklerini sen bileňokmy näme? Sen bizi näme üçin beýtdiň?» diýdiler. Şimşon: «Olar maňa näme eden bolsalar, men hem olara şony etdim» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ