Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:14 - Mukaddes Kitap

14-16 Eger siz Maňa boýun egmän, ähli tabşyryklarymy berjaý etmän, parzlarymdan, hökümlerimden ýüz öwrüp, ähtimi bozsaňyz, Men siziň üstüňizden howp indererin. Bejerip bolmaýan, gözüňi kör edip, lütüňi çykarýan ysytmany Men siziň başyňyzdan indererin. Eken ekinleriňiz özüňize nesip etmez, olary duşmanlaryňyz iýer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14-16 Эгер сиз Маңа боюн эгмән, әхли табшырыкларымы берҗай этмән, парзларымдан, хөкүмлеримден йүз өврүп, әхтими бозсаңыз, Мен сизиң үстүңизден ховп индерерин. Беҗерип болмаян, гөзүңи көр эдип, лүтүңи чыкарян ысытманы Мен сизиң башыңыздан индерерин. Экен экинлериңиз өзүңизе несип этмез, олары душманларыңыз иер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:14
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Baryň-da, tapylan bu kitapdaky aýdylýan sözlere görä meniň üçin, meniň halkym bolan bütin ýahuda halky üçin Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitabyň biziň üçin ýazylan sözlerini berjaý etmediler».


„Men Ýahuda patyşasynyň öňünde okalan bu kitapda ýazylan ähli lagnatlara görä, hökman bu ýeriň we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyndan betbagtçylyk indererin.


Emma siz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar.


Reb erbetleriň öýüni näletleýär, dogruçyllaryň ýurduny bolsa ýalkaýar.


Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerip, hersi özüçe hereket etdi. Munuň üçin Men bu ähtiň ähli sözlerini olaryň başlaryndan inderdim. Men olara bulary berjaý etmegi buýrupdym, emma olar etmediler».


Emma Meni diňlemeseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýükli girip, Sabat gününi mukaddes hasaplamasaňyz, onda Men şäheriň derwezelerini oda bererin. Ot Iýerusalimiň içki galalaryny ýakyp ýandyrar, ol hiç wagt sönmez».


Olara Reb şeýle diýýär diý: „Eger siz Maňa gulak goýmasaňyz, beren kanunyma görä ýöremeseňiz,


Mendenem, sendenem öň ýaşap geçen pygamberler köp ýurtlara we beýik patyşalyklara garşy urşy, betbagtlygy, mergini owaldan bäri pygamberlik edipdiler.


Olar gelip, ony eýelediler, emma Saňa gulak asmadylar. Seniň kanunyňa eýermediler, berjaý etmekleri üçin buýran tabşyryklaryňyň hiç birini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin hem, Sen bu betbagtçylyklaryň ählisini olaryň başyndan inderdiň.


Janpenalaryň baştutany Ýermeýany ýanyna çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Bu ýurduň üstünden betbagtlyk inderjekdigi hakynda Hudaýyň Reb aýdypdy.


Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim.


Reb Öz niýetini amala aşyrdy, owaldan belleýşi ýaly, Öz sözlerini berjaý etdi. Seni rehimsizlik bilen heläk etdi, şat etdi halyňa duşmanyňy, ýagylaryňa kuwwat berdi.


Edil Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, bu belalaryň ählisi biziň başymyzdan indi. Emma biz etmişlerimizden el çekip, Hudaýymyz Rebden mähir-muhabbet dilemedik, Onuň hakykatyna pitiwa etmedik.


Olar gidýärkäler Men torumy olaryň üstüne taşlaryn. Asmanyň guşlary ýaly olary aşak indererin. Olara pis işleri üçin temmi bererin.


Şeýle betbagtçylyklardan soňam siz Maňa gulak asmasaňyz, onda Men size öňküden ýedi esse artyk jeza bererin.


Kimde-kim şol pygambere gulak asmasa, ol adam Hudaýyň halkynyň arasyndan çykarylyp, doly ýok ediljekdir“.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň her bir ajaýyp wadasynyň hakykata öwrülişi dek, Özüniň beren oňat ýerinden sizi ýok edýänçä, başyňyzdan bela-beterleri-de inderer.


Rebbiň ant içip söz berşi ýaly, olar nirä söweşmäge çyksalar, Reb ysraýyllara garşy boldy. Ysraýyllar gaty köp ejir çekdiler.


Emma Rebbe gulak asman, Onuň buýrugyna garşy baş göterseňiz welin, ata-babalaryňyza edişi ýaly, Reb size hem jeza berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ