Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:13 - Mukaddes Kitap

13 Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Мүсүрлилериң гулы болуп галмасынлар дийип, сизи Мүсүрден алып чыкан Худайыңыз Реб Мендирин. Сизи оларың элинден азат эдип, башыңызы дик тутдурып йөреден Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:13
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Müsür şasy faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň goragy astynda gaýdan ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýtdy.


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Bu käsäni sütemkärleriňiň eline bererin, Olar saňa: „Üstüňden geçerimiz ýaly, ýerde ýüzin ýat“ diýdi. Senem olar geçer ýaly ýer kimin, ýol kimin etdiň arkaňy».


Milleti köpeltdiň Sen, artdyrdyň olaryň şatlygyn, hasylda şatlanyşlary deý, Seniň öňüňde guwanýarlar, olja paýlaşýan deý galkynyşýarlar.


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwdüm.


Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider.


Ähli agaçlar öz miwesini berer, ýer öz hasylyny eçiler. Olar öz ýurtlarynda howpsuz ýaşarlar. Boýuntyryk baglaryny goparyp, gul edenleriň elinden azat edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.


Olary ynsanperwerlik ýüpleri, söýgi baglary bilen Özüme çekdim. Boýunlaryndan boýuntyryklaryny galdyrdym. Eglip olara iýmit berdim.


Kengan ýurduny size bermek üçin, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Çünki ol Meniň Müsürden alyp çykan gulumdyr. Ol guluň satylyşy ýaly satylmaly däldir.


Çünki ysraýyl halky Meniň gullarym, Meniň Müsürden alyp çykan gullarymdyr. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Sizi Aşuryň boýuntyrygyndan azat ederin, gandallaryňyzy kesip taşlaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ