Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».
Tutuş Ysraýyl bilen bolan ýerlerimiň ählisinde Öz halkym Ysraýyla baştutanlyk etmegi buýran serdarlarymyň, heý, birinden: ‘Näme üçin Maňa kedr agajyndan öý gurmadyňyz?’ diýip soradymmy?“
Men ata-babalaryňyzy Müsürden – demir ojagyndan çykaran günüm olara şeýle buýruk berdim: ‘Meniň sözüme gulak asyp, Meniň buýran ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz Meniň halkym, Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn.
Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.
Olara diňe şu buýrugy beripdim: ‘Maňa gulak asyň. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem Meniň halkymsyňyz. Diňe Meniň görkezen ýolumdan ýöräň, şonda gowy günler görersiňiz’.
Baýramçylyklarda Iýerusalim gurbanlyk sürüsi bilen näçe doly bolsa, weýran edilen galalar-da adamlardan şonça doly bolar. Şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».
Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.
Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.
Çünki Hudaýyňyz Reb sizi halas etmek üçin we duşmanlaryňyzy siziň eliňize bermek üçin düşelgäňiziň içine aýlanar. Şonuň üçin düşelgäňiz päk bolmalydyr, Reb araňyzda nejis zat görüp, sizden ýüz öwürmesin.
Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.