Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 26:11 - Mukaddes Kitap

11 Men siziň araňyzda mesgen tutaryn. Men hiç haçan sizden ýüz öwürmerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мен сизиң араңызда месген тутарын. Мен хич хачан сизден йүз өвүрмерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 26:11
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Tutuş Ysraýyl bilen bolan ýerlerimiň ählisinde Öz halkym Ysraýyla baştutanlyk etmegi buýran serdarlarymyň, heý, birinden: ‘Näme üçin Maňa kedr agajyndan öý gurmadyňyz?’ diýip soradymmy?“


Men ysraýyllaryň arasynda ýaşap, Öz halkym ysraýyly terk etmerin».


Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum».


Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar, olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.


Men Hudaýa perýat edýärin, meni eşideri ýaly perýat edýärin.


Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar.


Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn.


Aralarynda ýaşamak üçin olary Müsürden alyp çykan olaryň Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilsinler. Olaryň Hudaýy Reb Mendirin.


Öz adyňyň hatyrasyna bizden ýüz öwürme. Öz şöhratly tagtyňy peseltme. Biziň bilen eden ähtiňi ýada sal, ony bozma.


Taňry gurbanlyk sypasyny taşlady, mukaddes öýüni terk etdi. Köşkleriniň diwarlaryny duşmanyň eline berdi. Rebbiň öýündäki duşmanyň gykylygy baýramçylyk gündäki owaza meňzedi.


Siz Meniň Ysraýylyň arasyndadygymy, Beýik Hudaýyňyzyň Mendigimi, özgäniň-de ýokdugyny bilersiňiz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz».


Öňüňizden kowup çykarýan milletiň adatlaryna eýermäň, çünki şeýle işler edendikleri üçin Men olary ýigrendim.


Çünki ýer halk tarapyndan terk edilip, ol haraba bolup ýatyr. Halk Meniň hökümlerimi ret edip, parzlarymdan ýüz öwrendigi üçin, öz duşmanynyň ýurdunda öz etmişiniň jezasyny çeksin.


Emma bu zatlara garamazdan Men olar heniz duşmanlarynyň ýurdundakalar, olary ret edip, olardan ýüz dönderip, bütinleý heläk etmerin we olar bilen eden ähtimi bozmaryn, çünki olaryň Hudaýy Reb Mendirin.


Bir aýda üç çopany başymdan sowdum. Men goýun söwdagärlerini ýigrendim, olar hem meni ýigrendiler.


Siz hem ýahudylar ýaly Hudaýyň Mukaddes Ruhunyň mesgeni bolmak üçin, hemmäňiz birlikde Mesihde bina edilýärsiňiz.


Muny gören Rebbiň olara gahary geldi, olaryň ogul-gyzlaryny ret etdi.


Eger siziň mülk ýerleriňiz päk bolmasa, onda Rebbiň topragyna – mukaddes çadyryň duran ýerine geçiň-de, mülk ýeriňizi biziň aramyzdan alyň. Emma biziň Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasyndan başga öz gurbanlyk sypaňyzy gurup, Rebbe we bize garşy baş götermäň.


Elgazar ruhanynyň ogly Pinehas rubenlere, gatlara we gündogardaky manaşa tiresine: «Häzir biz Rebbiň öz aramyzdadygyny bilýäris, sebäbi siz Rebbe garşy dönüklik etmänsiňiz, gaýtam, siz bütin ysraýyl halkyny Rebbiň jezalandyrmagyndan halas etdiňiz» diýdi.


Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.


Şoňa görä, olar Hudaýyň tagtynyň öňünde bolup, gije-gündiz Onuň ybadathanasynda Oňa hyzmat edýärler. Tagtda Oturan olary Öz penasynda saklaýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ