Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 25:25 - Mukaddes Kitap

25 Eger öz garyndaşlaryňyzdan biri garyp düşüp, mülküniň bir bölegini satsa, onda onuň hossary gelip, onuň satan ýerini yzyna satyn alsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Эгер өз гарындашларыңыздан бири гарып дүшүп, мүлкүниң бир бөлегини сатса, онда онуң хоссары гелип, онуң сатан ерини ызына сатын алсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 25:25
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eýeleýän ähli ýeriňizde siz ony gaýtadan satyn almaga mümkinçilik dörediň.


Eger onuň ýeri pul töläp yzyna satyn alyp biljek hossary bolman, emma soň onuň özi baýap, ýeri yzyna satyn alar ýaly ýeterlik pul toplasa, onda ol ýeriň satylanyndan bäri geçen wagty hasaplap aýryp, galan puly satan adamyna gaýtaryp bersin we mülk hem eýesine gaýtarylyp berilsin.


Eger siziň araňyzda ýaşaýan gelmişekleriň biri baýap, öz ysraýyl doganlaryňyzdan biri garyp düşüp, özüni ýaňky gelmişege ýa-da gelmişegiň kowmyndan birine satsa, ol satylanyndan soň, onuň yzyna satyn alynmaga haky bardyr. Öz ysraýyl doganlaryndan biri ony yzyna satyn alyp biler.


Eger biri öz mülkünden daşary satyn alan ýerini Rebbe bagyş etse, ruhany ýeriň bahasyny baýram ýylyna çenli galan wagta görä hasaplap çykarsyn. Rebbe mukaddes sadaka hökmünde ýeriň bahasy şol günüň özünde tölensin.


Çünki siz Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetini bilýäňiz: Ol baý bolsa-da, siziň hatyraňyz üçin garyp boldy. Isa Mesih muny Özüniň garyplygy arkaly siziň baý bolmagyňyz üçin edipdi.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


Nagomy gelnine: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn! Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýdi.


Dogry, menem hossaryňdyryn welin, ýöne saňa menden-de has ýakyn bir hossaryň bar.


Bowazyň gelin-gyzlary bilen bile hoşa çöplediň, şol Bowaz biziň ýakyn garyndaşymyz dälmi näme? Ol şu gije harmanda arpa sowurýar.


Bowaz oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men Rut, seniň gyrnagyň. Meniň garamatymy öz üstüňe alsana, çünki sen biziň ýakyn hossarymyzsyň» diýip jogap berdi.


Bowaz ýaňky ýakyn hossaryna: «Mowap ýurdundan yzyna gelen Nagomy doganymyz Elimelegiň ýer paýyny satjak bolýar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ