Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 25:23 - Mukaddes Kitap

23 Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Ер хемишелик сатылмасын, чүнки ол Мениңкидир. Сиз Мениң янымда гелмишек ве кәрендечи ялысыңыз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 25:23
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi.


Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi.


Emma Nabot Ahaba: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermekden Hudaý saklasyn!» diýdi.


Biz Seniň öňüňde ata-babalarymyz ýaly gelmişek hem-de mysapyrdyrys. Biziň ýerdäki durmuşymyz edil kölege ýalydyr, umytsyzdyr.


Ýa Reb, men köňlümi Saňa göge göterýän.


Ýa Reb, Öz merhemetiňi menden aýama; Seniň söýgiň we sadyklygyň, goý, elmydama meni gorasyn.


Çünki sansyz bela-beter meni gurşady; öz etmişlerim meniň başymdan indi; görüp bilmeýän: olar başymyň saçyndan hem kän, pagyş-para boldy meniň ýüregim.


Ýa Reb, gulak goý, maňa jogap ber, çünki men garyp we mätäçdirin.


Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir.


Sypora Musa bir ogul dogrup berdi. Musa: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip, onuň adyna Gerşom dakdy.


Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».


Lewiler ol ýeri satmazlar ýa-da başga ýere çalyşmazlar. Bu ýurduň iň oňat paý ýeridir, ol başga birine geçmez, çünki bu ýer Men–Rebbe bagyş edilendir.


Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz.


Reb şonda gabandy Öz topragyny hem-de Öz halkyna indi rehimi.


Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,


Ellinji ýyly mukaddes ýyl edip, siz ýurduň ýaşaýjylarynyň baryna azatlyk yglan ediň. Bu siziň üçin baýram ýyly bolsun. Her kim öz mülküne, öz maşgalasyna dolanyp gelsin.


Eýeleýän ähli ýeriňizde siz ony gaýtadan satyn almaga mümkinçilik dörediň.


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


Eziz dostlar, janyňyza garşy söweşýän günäli höweslerden gaça duruň diýip ýalbarýaryn. Çünki siz bu dünýäde keseki hem gelmişeksiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ