Şeýdip, Rebbiň kakam Dawuda: „Seniň ýeriňe tagtyňda oturtjak ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýip aýdyşy ýaly, men Hudaýym Rebbe ybadat üçin öý guraýyn diýýärin.
Siziň iýjegiňiz bolelin bolar, olardan gerk-gäbe doýarsyňyz; siziň üçin ajaýyp işleri eden Hudaýyňyz Rebbiň adyna alkyşlar aýdarsyňyz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz.
Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz.
Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz.
Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde ýaşanyňyzda, daş-töweregiňizdäki ähli duşmanlaryňyzdan Reb size parahatçylyk alyp berer we siz howpsuz ýaşarsyňyz.