Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 25:18 - Mukaddes Kitap

18 Ýurduňyzda howpsuz ýaşaryňyz ýaly, Meniň parzlarymy berjaý ediň, hökümlerime boýun boluň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Юрдуңызда ховпсуз яшарыңыз ялы, Мениң парзларымы берҗай эдиң, хөкүмлериме боюн болуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 25:18
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Rebbiň kakam Dawuda: „Seniň ýeriňe tagtyňda oturtjak ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýip aýdyşy ýaly, men Hudaýym Rebbe ybadat üçin öý guraýyn diýýärin.


Belent daglar dag geçileri üçindir, baýyrlar torsuklara penadyr.


Hasyl, täze şerap bol bolanda bagtdyr, ýöne ýüregime beren şatlygyň mundan-da köpdür.


Meni diňlänler parahat mekan tutarlar, ýamanlykdan gorkman aman bolarlar».


Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.


Olar size şeýle diýdiler: „Indi her biriňiz öz ýaman ýoluňyzdan, pis işleriňizden dönüp, Men-Rebbiň owal-başdan özüňize we ata-babalaryňyza ebedilik beren ýurdumda mesgen tutuň.


Şol günlerde Ýahuda halas bolar, Iýerusalim howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar“.


Eden nejis işleri sebäpli ýurdy weýran edenimden we harabaçylyga öwrenimden soň, olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Siz Meniň parzlarymy berjaý ediň. Mal-garalaryňy başga görnüşdäki mallar bilen çaknyşdyrma. Ekin meýdanyňda iki hili tohumy bile ekme we iki hili matadan tikilen eşik geýme.


Siz Meniň ähli parzlarymy, ähli hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. Men Rebdirin“».


Ýer size öz miwesini eçiler, siz ondan doýup iýip, howpsuz ýaşarsyňyz.


Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde ýaşanyňyzda, daş-töweregiňizdäki ähli duşmanlaryňyzdan Reb size parahatçylyk alyp berer we siz howpsuz ýaşarsyňyz.


Benýamin hakda şeýle diýdi: «Ol Rebbiň iň gowy görýäni, howpsuz ýaşar, Beýik Hudaý bütin gün onuň üstüne ganat gerer, ol Rebbiň dagynda mesgen tutar».


Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar, däne we şerabyň bol ýerinde, Ýakubyň mekany abadan bolar. Ol ýere asmandan çyg düşer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ