Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 25:17 - Mukaddes Kitap

17 Siz birek-biregi aldamaň, Hudaýyňyzdan gorkuň, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Сиз бирек-биреги алдамаң, Худайыңыздан горкуң, чүнки Худайыңыз Реб Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 25:17
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim.


Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi.


Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!»


Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn.


Rebbiň gorkusy siziň üstüňizde bolsun. Işiňizde ägä boluň. Hudaýymyz Rebde adalatsyzlyk, ýüz görmeklik ýa-da para almaklyk ýokdur».


Menden öňki bolan häkimler welin halkyň boýnuna agyr ýük bolup, olar ilatdan bir gadak kümüşden daşary azyk, şerap alýan ekenler. Olaryň hatda hyzmatkärleri-de halkyň üstünden höküm sürýän ekenler. Emma men Hudaýdan gorkýandygym üçin beýle iş etmedim.


Onsoň men: «Siziň bu edýän işiňiz gowy däl. Bize duşman bolan milletleriň gyjalatyndan gutulmak üçin, Hudaýymyzyň gorkusynda gezmeli dälmisiňiz?» diýdim.


Olar büdrär hem-de ýykylar, biz bolsa turarys hem dik durarys.


Musa adamlara: «Gorkmaň, çünki Hudaý sizi synamak üçin we Ondan gorkup, günä etmezligiňiz üçin geldi» diýdi.


Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.


Ejizi ezýän ony Ýaradany ynjadýandyr, mätäje merhemet edýän Ýaradany hormatlaýandyr.


Sadyk söýgi etmişden saplaýar, Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar.


Garyby garyplygy sebäpli talama, mätäji mejlisde ezme.


Reb halkynyň ýaşululary, hökümdarlary bilen höküme girişýär: «Üzümçiligi weýran eden sizsiňiz, öýleriňiz garypdan talan oljaňyzdan doly.


Ol garybyň, mätäjiň hakyny alyp berdi; munuň üçin onuňky ugruna boldy. Bu Meni tanamagyň manysy dälmidir? Muny Reb aýdýandyr.


Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama.


Kere sögme, körüň öňünde büdrär ýaly zat goýma. Hudaýyňdan gork. Men Rebdirin.


Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Men Rebdirin.


Ýoldaşyňyza ýer satanyňyzda ýa-da satyn alanyňyzda biri-biriňizi aldamaň.


Ondan göterim alyp, peýda görjek bolma. Hudaýyňyzdan gork. Goý, olar siziň araňyzda ýaşasyn.


Siz oňa gödek daraşmaň, Hudaýyňyzdan gorkuň.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.


Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.


Gaýtam, Ol Özünden gorkany we dogry iş eden her kesi milletine garamazdan kabul edýändir.


Bütin Ýahudyýadaky, Jeliledäki we Samariýadaky ýygnaklarda parahatlyk höküm sürüp, imanlylar barha güýçlenýärdi. Olar Rebden gorkup, Mukaddes Ruhuň ýardamy bilen günsaýyn köpelýärdi.


Siz mamla, ýöne olar imansyzlygy zerarly döwüldi. Siz bolsa iman arkaly dursuňyz. Şoňa görä, gopbamsyramaň-da, gaýtam gorkuň.


Ysgyn-mydarsyz galan wagtyňyz, olar Hudaýdan gorkman, ýolda üstüňize çozup, siziň yzda galanlaryňyzyň hemmesini gyrdylar.


şu tärde doganyňyza ahlaksyzlyk etmäň, ony aldamaň. Ozal size aýdyp, berk duýduryşymyz ýaly, şeýle günäleriň ählisi üçin Reb ynsanlary jezalandyrar.


Diňe Rebden gorkuň we Oňa tüýs ýürekden, wepadarlyk bilen gulluk ediň. Görüň, Ol siziň üçin nähili gudratly işleri etdi!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ