Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 25:10 - Mukaddes Kitap

10 Ellinji ýyly mukaddes ýyl edip, siz ýurduň ýaşaýjylarynyň baryna azatlyk yglan ediň. Bu siziň üçin baýram ýyly bolsun. Her kim öz mülküne, öz maşgalasyna dolanyp gelsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эллинҗи йылы мукаддес йыл эдип, сиз юрдуң яшайҗыларының барына азатлык ыглан эдиң. Бу сизиң үчин байрам йылы болсун. Хер ким өз мүлкүне, өз машгаласына доланып гелсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 25:10
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun.


Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza lirada mukamlar çalyň!


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Ýesirlere: „Çykyň“, garaňkydakylara: „Görnüň“ diýersiň. Olar ýol boýlarynda otlarlar, takyr depelerde öri taparlar.


Öç alyş güni ýüregimdedi, halas etjek ýylym gelipdi.


Ähli ýolbaşçylar bilen tutuş halk bu ähte gulak asdylar. Her kim öz guluny we gyrnagyny azat etmek, mundan beýläk olary gul etmezlik ähti boýunça hereket etdiler. Olar muňa boýun bolup, olary azatlyga goýberdiler.


Sidkiýa patyşa Iýerusalimdäki ähli halk bilen äht baglaşyp, gullara azatlyk yglan edeninden soň, Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Eger-de öz mülküni gullarynyň birine peşgeş berse, ol azatlyk ýylyna çenli onuňky bolar; onsoň ol muny hökümdara yzyna gaýtarmalydyr; emma hökümdaryň mülki öz ogullarynyňky bolar.


Bu ellinji ýyl siziň üçin baýram ýyly bolsun. Ýere ekin ekmäň, özi gögereni ormaň, pudalmadyk üzümiň hasylyny ýygnamaň.


Bu baýram ýylynda her kim öz mülküne dolanyp gelsin.


Baýram ýylynda bolsa ol öz çagalary bilen seniň ygtyýaryňdan çykyp, öz maşgalasyna, ata-babalarynyň mülküne dolanyp gelsin.


Eger olar şeýle ýagdaýda yzyna satyn alynmasalar, olar we olaryň çagalary baýram ýylynda azatlyga çykarylmalydyrlar.


Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge, ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz, mukaddeslik hem dogrulyk bilen gulluk etmäge mümkinçilik berdi.


Reb Ruhdur. Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir.


Hajar Arabystandaky Sinaý dagyny aňladyp, häzirki Iýerusalime hem meňzeýär. Sebäbi ol çagalary bilen gulçulykdadyr.


Eý, doganlarym! Siz azat bolmaga çagyrylansyňyz. Ýöne bu azatlygyňyzy ynsan höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen hyzmat ediň.


Azat adam ýaly ýaşaň, emma öz azatlygyňyzy erbetlik etmek üçin ulanmaň. Hudaýyň gullary dek ýaşaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ