Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 24:9 - Mukaddes Kitap

9 Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Бу чөреклер Харун ве онуң огулларыныңкыдыр. Олар мукаддес ерде ийилсин. Чүнки Реббе от үсти билен берилйән садака пайларының ичинде руханылар үчин өрән мукаддеси шудур. Бу сизиң үчин эбеди парздыр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 24:9
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun.


Musa Haruna we onuň galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan artan galla sadakasyny alyň. Ondan petir bişirip, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda iýiň, çünki ol örän mukaddes sadakadyr.


«Näme üçin siz günä gurbanlygyny mukaddes öýüň ýanynda iýmediňiz? Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, ony size Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn.


Nogsanly ruhany Hudaýa hödür edilen iýmitden, mukaddes we iň mukaddes iýmitden iýip biler.


Ysraýyllaryň arasynda ejesi ysraýylly, kakasy bolsa müsürli bolan bir adam bardy. Düşelgede bir ysraýylly aýalyň ogly bilen başga bir ysraýylly uruşmaga başladylar.


Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun“».


Onsoň ruhany zygyr matadan tikilen lybaslaryny çykaryp, başga eşiklerini geýsin we küli düşelgäniň daşyna çykaryp, halal ýere döksün.


Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin.


«Haruna we onuň ogullaryna tabşyr. Ýakma gurbanlygynyň berliş kadasy şeýledir: Ýakma gurbanlygy uzakly gije gurbanlyk sypasynyň üstünde goýulmalydyr. Gurbanlyk sypasyndaky ot bolsa öçürilmeli däldir.


Onsoň Musa Haruna we onuň ogullaryna şeýle diýdi: «Eti Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda bişiriň-de, ony şol ýerde belleme sadakalary üçin niýetlenen sebetdäki çörek bilen iýiň. Hudaý maňa: „Muny Harun we onuň ogullary iýsin“ diýdi.


Emma siz: „Rebbiň saçagy haramdyr, çöregidir ir-iýmişini kemsitsek hem bolar“ diýip, Meniň adyma ysnat getirýärsiňiz.


Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylar hem iýdiler. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi.


Ol baş ruhany Abiýataryň döwründe Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýip jogap berdi.


Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini alyp iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýdi.


Şundan soň ruhany Rebbe hödür edilen çöreklerden başga çörek ýokdugy üçin oňa mukaddes çörekleri berdi. Bu çörekler şol gün gyzgyn çörekler bilen çalşyrylypdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ