Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 24:7 - Mukaddes Kitap

7 Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Хер хатар чөрегиң янында Реббиң ёлуна хөдүр эдилен пай хөкмүнде сап арасса, якымлы ыслы түтетгиден гой. Бу Реббе от үсти билен берилйән садака болуп, ол чөрегиң орнуны тутар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 24:7
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bulutlarda älemgoşar peýda bolan mahaly ony görüp, Men ýer ýüzüniň ähli janly-jandarlary bilen eden baky ähtimi ýatlaryn».


Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.


Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.


Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.


Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efodyň eginbagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin.


Goýunlaryňyzy getirmediňiz Maňa ýakma gurbanlyk üçin, gurbanlyklaryňyz bilen Meni sylamadyňyz. Sadakalary size agyr ýük etmedim, ýakymly ysly tütetgi bilen irizmedim.


Kimde-kim Rebbe galla sadakasyny bermekçi bolsa, ol sadaka saýlama bugdaý unundan berilsin. Sadaka berýän adam unuň üstüne zeýtun ýagyny guýup, ýakymly ysly tütetgini onuň üstünde goýsun.


Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Isa olara şeýle diýdi: «Ýaşaýyş çöregi Mendirin, Maňa gelen asla ajykmaz, Maňa iman eden asla suwsamaz.


Gökden inen diri çörek Mendirin. Mundan iýen adam baky ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin berjek çöregim Meniň Öz bedenimdir».


„Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Söwer Ogly arkaly bize boldan-bol eçilen şöhratly merhemeti üçin Hudaýa öwgüler bolsun!


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ