Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 24:5 - Mukaddes Kitap

5 Reb Musa şeýle diýdi: «Saýlama bugdaý unundan on iki sany çörek bişirt, olaryň her biriniň agramy ondan iki batmana barabar bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Реб Муса шейле дийди: «Сайлама бугдай унундан он ики саны чөрек биширт, оларың хер бириниң аграмы ондан ики батмана барабар болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 24:5
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas Ýakubyň ogullarynyň tireleriniň sanyna görä on iki sany daş aldy, çünki Ýakuba Rebbiň «Seniň adyň Ysraýyl bolar» diýen sözi gelipdi.


hödür çöregine, gurbanlyklar üçin berlen saýlama una, petir kökelere, bişirilen sadakalara, zeýtun ýagyna garylan sadaka, ybadathana ölçegine we möçberine seretmek.


Kohat neslinden bolan garyndaşlarynyň käbirine Sabat güni üçin hödür çöregi taýýarlamagy tabşyryldy.


Ol ruhanylar ertirine, agşamyna Rebbe ýakma gurbanlyklar berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, sap altyn hantagtasynda hödür çöregini goýýarlar, her gije altyn çyradanda şemleri ýakýarlar. Çünki biz Hudaýymyz Rebbiň ýumuşlaryny bitirýäris, emma siz Ony terk etdiňiz.


Biz halk, ruhanylar we lewiler bije atyşyp, her ýyl bellenen wagtlarda Hudaýymyzyň öýüne oduny haýsy urugyň getirmelidigini şertleşdik. Bu odunlar kanunda ýazylyşy ýaly, Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasynda ýakylmalydy.


Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý.


hantagta, onuň ähli enjamlary, Rebbe hödür çöregi;


Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ol hödür çöregini hantagtanyň üstünde goýup, Rebbiň huzuryna getirdi.


Hantagtany getirip, onuň enjamlaryny oturt. Çyradany getirip, onuň çyralaryny ýak.


Hödür çörekleri goýulýan hantagtanyň üstüne gök keteni ýazyp, onuň üstünde tabaklary we jamlary, içgi sadakasy üçin küýzeleri we şakäseleri goýsunlar. Hemişelik çörek hem onuň üstünde bolsun.


Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylar hem iýdiler. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi.


Hakykatda, halkymyzyň on iki tiresi gije-gündiz Hudaýa çyn ýürekden sežde edip, bu wadanyň berjaý bolmagyna umyt baglapdyr. Eý, şahym, ýahudylar bolsa şu umyt üçin meni aýyplaýarlar.


Iki otagdan ybarat bolan bir çadyr gurlupdy, onuň daşky otagyna Mukaddes otag diýilýärdi. Ol ýerde çyradan, hantagta bardy we hantagtanyň üstünde hödür çörekler goýlandy.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


Şundan soň ruhany Rebbe hödür edilen çöreklerden başga çörek ýokdugy üçin oňa mukaddes çörekleri berdi. Bu çörekler şol gün gyzgyn çörekler bilen çalşyrylypdy.


Şawulyň çopanlarynyň başlygy edomly Döweg hem bu gün şol ýerdedi. Ol Rebbiň huzurynda dini dessurlary berjaý edýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ