Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 24:4 - Mukaddes Kitap

4 Ol çyralary sap altyndan bolan çyradanyň üstünde Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Ол чыралары сап алтындан болан чыраданың үстүнде Реббиң хузурында хер гүн агшамдан эртире ченли янып дурар ялы эдип гойсун».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 24:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

içki otagyň öňünde bäşisi günortada, bäşisi demirgazykda goýlan sap altyn çyradanlary, gülleri, çyralary, ätişgirleri, käseleri, müçenekleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary, maňňallary, öýüň içki otagynyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary üçin altyn petleleri ýasady.


altyn çyradanlara we çyralara sarp ediljek altynyň, altyn çyradanlardyr çyralaryň her birine sarp ediljek altynyň agramynyň, kümüşden ediljek çyradana we çyra sarp ediljek kümşüň agramynyň hersiniň ulanylyşyna görä,


Olar eýwanyň gapylaryny hem gulplap, çyralary öçürdiler. Mukaddes ýerde Ysraýylyň Hudaýyna ýakymly ysly tütetgi ýakmadylar, ýakma gurbanlyk bermediler.


hantagta we onuň enjamlary, sap altyndan edilen çyradan we onuň ähli enjamlary, tütetgi sypasy,


yşyk üçin sap altyndan çyradan, onuň ähli enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag;


Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da okaralary, maňňallary, legenleri, gazanlary, çyradanlary, gaplary, käseleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi.


Harun çyrany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda, Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.


Olar gorag hyzmatlaryndan şulara: sandyga, hantagta, çyradana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.


Çyradany, onuň çyralaryny, müçeneklerini, nowalaryny we zeýtun ýagy salynýan ähli gaplaryny gök keteni bilen basyrsynlar.


«Haruna aýt: ol çyralary çyradana oturdanda, olaryň ýagtysy çyradanyň öňüne düşer ýaly edip oturtsyn».


Iki otagdan ybarat bolan bir çadyr gurlupdy, onuň daşky otagyna Mukaddes otag diýilýärdi. Ol ýerde çyradan, hantagta bardy we hantagtanyň üstünde hödür çörekler goýlandy.


Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň we ýedi altyn çyradanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi çyradan hem ýedi ýygnagy aňladýandyr».


Dünýäniň Rebbiniň öňünde duran iki zeýtun agajy, iki çyradan, ine, şulardyr.


Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ