Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 24:11 - Mukaddes Kitap

11 Ysraýylly aýalyň ogly küpür gepläp, Rebbiň adyna dil ýetirdi. Onsoň ony Musanyň ýanyna alyp geldiler. Onuň ejesiniň ady Şelomytdy, ol dan tiresinden bolan Dibriniň gyzydy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Ысрайыллы аялың оглы күпүр гепләп, Реббиң адына дил етирди. Онсоң оны Мусаның янына алып гелдилер. Онуң эҗесиниң ады Шеломытды, ол дан тиресинден болан Дибриниң гызыды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 24:11
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýöne bu işi etmek bilen, sen Rebbi doly äsgermezlik etdiň, şol sebäpli senden doguljak çaga öler» diýdi.


Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».


Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


Hizkiýa: ‘Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez’ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn.


Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?“»


Şeýdip, köşgi dolandyryjy Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna kätip we Asafyň ogly Ýowa – patyşanyň baş emeldary dagy ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna gelip, oňa baş weziriň sözlerini aýdyp berdiler.


Aşur patyşasy Ýahuda patyşasy Hizkiýa şeýle habar iberdi: «Seniň bil baglaýan Hudaýyň: „Iýerusalim Aşur patyşasynyň eline berilmez“ diýip, seni aldamasyn.


Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!


Işaýa pygamber olara şeýle diýdi: «Jenabyňyza aýdyň, Reb şeýle diýýär: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma.


Hany, Sen onuň mal-mülküne el urup bir gör, ol şonda Saňa gargynmazmyka?»


Eýýup bu agyr muşakgatlyklaryň astynda-da, Hudaýy ýazgaryp, günä etmedi.


Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.


Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?»


Goý, hemişe olar adamlara kazylyk etsinler. Uly dawalary saňa aýtsynlar, emma kiçi dawalary özleri çözsünler. Şonda seniň üçin aňsadrak bolup, agyr ýüküň ýeňlär.


Olar halka hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary Musa getirdiler, emma kiçi dawalary özleri çözdüler.


Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.


Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.


Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.


Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.


Ysraýyllaryň arasynda ejesi ysraýylly, kakasy bolsa müsürli bolan bir adam bardy. Düşelgede bir ysraýylly aýalyň ogly bilen başga bir ysraýylly uruşmaga başladylar.


Şonda baş ruhany ýakasyny ýyrtyp: «Ol Hudaýa dil ýetirdi, bize başga şaýatlyk nämä gerek? Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn.


Şoňa görä-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň ady başga milletleriň arasynda siz zerarly harlanýar» diýlip ýazylandyr.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Olar etmişlerinden dänmediler, toba gelmediler, tersine, ejirleri we ýaralary üçin Gögüň Hudaýyna gargadylar.


Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ