Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.
Gurbanlyk etini hamyrmaýaly çörek bilen iýmeli däldir. Ony ýedi günläp petir bilen, ýagny ezýet çöregi bilen iýiň. Çünki siz Müsürden howlukmaç çykyp gaýtdyňyz. Şonuň üçin hem Müsürden çykyp gaýdan günüňizi ömürboýy ýatlarsyňyz.