Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 23:40 - Mukaddes Kitap

40 Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

40 Биринҗи гүн оңат мивели агачларың мивесини, палма шахаларыны, гүр япраклы агачларың ве сув боюнда өсйән сөвүтлериң шахаларыны алып, Худайыңыз Реббиң хузурында еди гүнләп шады-хоррамлыкда болуң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 23:40
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mukaddes ybadathanaňyň öňünde sežde ederin, Saňa söýgiň, wepadarlygyň üçin şükür ederin. Çünki Sen Öz adyňy hem-de sözüňi ähli zatdan beýgeltdiň.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Olar gök ýaýladaky otlar kimin, akar suwlar ýakasyndaky söwütler kimin boý alarlar.


Iýerusalim bilen bile şatlanyň, onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler, eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar, onuň bilen bile şatlanyň.


Ýedinji aýyň on bäşinji güni, siz ýerleriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Birinji we sekizinji günleri doly dynç alyň, işlemäň.


Her ýyl ýedinji aýda ýedi günläp Rebbiň şanyna baýram belläň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgündir.


Mähelläniň köpüsi donuny ýola ýazýardy, käbirleri-de agaçlardan şahalar kesip, ýola düşeýärdi.


Adamlar palma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdylar. Olar şeýle diýip gygyryşýardylar: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! Ysraýyl Patyşasyna alkyş bolsun!»


Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez.


Mundan başga-da, biz Hudaýyň Rebbimiz Isa Mesih arkaly eden işlerine begenýäris, sebäbi Ol bizi Hudaý bilen ýaraşdyrdy.


Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Biz Mukaddes Ruh arkaly Hudaýa ybadat edip, Isa Mesih bilen magtanýarys, ynsan güýjüne daýanmaýarys. Şoňa görä-de, hakyky sünnetliler bizdiris!


Rebde şatlanyň. Ýene-de gaýtalaýaryn: şatlanyň!


Siz Mesihi görmedik bolsaňyz hem, Ony söýýärsiňiz. Hatda Ony görmeseňiz-de, Oňa iman edýärsiňiz we söz bilen taryplap bolmajak beýik şatlykdan dolup-daşýarsyňyz.


Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ