Olar dawada kazy hökmünde çykyş edip, Meniň hökümlerim boýunça karar çykararlar; ähli baýramlarymyň kada-kanunlaryny we parzlarymy, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirerler.
Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.
Mukaddes ýygnanyşyklarda Rebbiň bellemegi buýran baýramlary şulardyr: Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlary: ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary, başga gurbanlyklary we hödür edilen içgileriň hemmesini öz bellenmeli günlerinde beriň.
Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.