Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 23:39 - Mukaddes Kitap

39 Ýedinji aýyň on bäşinji güni, siz ýerleriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, ýedi günläp Rebbiň hormatyna baýram ediň. Birinji we sekizinji günleri doly dynç alyň, işlemäň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Единҗи айың он бәшинҗи гүни, сиз ерлериңизиң хасылыны йыгнаныңызда, еди гүнләп Реббиң хорматына байрам эдиң. Биринҗи ве секизинҗи гүнлери долы дынч алың, ишлемәң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 23:39
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Şu ýedinji aýyň on bäşinden başlap, ýedi günüň dowamynda Rebbiň hormatyna Çatma baýramy geçirilsin.


Ýedi günläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Sekizinji gün halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýlaryny hödürläň. Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň we işlemäň.


Bu baýramlar Rebbiň Sabat günlerinden, aýratyn sadakalaryňyzdan, Hudaýa aýdan sadakalaryňyzdan we Rebbe hödür eden ähli meýletin sadakalaryňyzdan daşarydyr.


Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň.


Däne we üzüm hasylyňyzy ýygnanyňyzdan soň, ýedi günläp Çatma baýramyny belläň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ