Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 23:34 - Mukaddes Kitap

34 «Ysraýyl halkyna aýt: „Şu ýedinji aýyň on bäşinden başlap, ýedi günüň dowamynda Rebbiň hormatyna Çatma baýramy geçirilsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 «Ысрайыл халкына айт: „Шу единҗи айың он бәшинден башлап, еди гүнүң довамында Реббиң хорматына Чатма байрамы гечирилсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 23:34
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýarobgam sekizinji aýyň on bäşine Ýahudadaky geçirilen baýram ýaly baýram edip, gurbanlyk sypasynda gurbanlyk berdi. Ol öz ýasan gölelerine gurbanlyklar hödür etmek üçin, Beýtelde hem şeýle etdi. Onsoň ol Beýtelde öz guran seždegählerine ruhanylar belledi.


Bütin ysraýyl halky ýedinji aý bolan Etanym aýynda, Çatma baýramynda Süleýman patyşanyň ýanyna ýygnanyşdy.


Şeýdip, Süleýman we bütin ysraýyl halky – uly mähelle Lebohamatdan Müsür serhedine çenli bolan aralykda, Hudaýymyz Rebbiň huzurynda on dört günläp baýram etdiler.


Olar Töwratda ýazylyşy ýaly, Çatma baýramyny bellediler. Düzgüne laýyklykda, her gün üçin berilmeli gündelik ýakma gurbanlyklaryny sanyna görä berdiler.


Olar kanunda: «Ysraýyl halky ýedinji aýda baýramçylyk döwründe çatmalarda ýaşasyn. „Daglara çykyp, zeýtun, igde, mirt, palma we beýleki gyrymsy agaçlaryň şahalaryny getirip, kanunda ýazylyşy ýaly çatma guruň!“ diýip, özleriniň ähli galalarynda we Iýerusalimde jar çekdirip mälim etmeklerini Reb Musa arkaly tabşyrdy» diýlen ýazgyny tapdylar.


Meýdanda çeken zähmetiňiziň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Meýdandaky miweleriňizi ýygyp bolup, ýylyň ahyrynda bolsa hasyl toý beriň.


Bugdaýyň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň.


Ýedinji aýyň on bäşine baýramyň başyndan tä ahyryna çenli ýedi günläp hökümdar günä we ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we zeýtun ýagyny şol bir mukdarda hödür etmelidir».


Ýedi günläp çatmalarda ýaşaň, Ysraýylyň ähli ýerli halky çatmalarda ýaşasyn.


Eger şeýle etseňiz, Meniň ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykanymdan soň, olary çatmalarda ýaşadandygymy siziň nesilleriňiz bilerler. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».


Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Galla baýramynda we Çatma baýramynda Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna – Onuň Öz saýlajak ýerine gelsinler. Olaryň hijisi Rebbiň huzuryna eli boş barmasyn.


Musa olara şeýle buýruk berdi: «Her ýedinji ýylyň – karzlaryň geçilýän ýylynyň ahyrynda, Çatma baýramynda,


Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.


Iman arkaly ol Hudaýyň wada beren ýurdunda gelmişek bolup ornaşdy. Yshak bilen Ýakup hem Ybraýym ýaly bu ýat ýurtda çadyrda ýaşadylar, sebäbi olaram Hudaýyň beren şu wadasynyň mirasdarlarydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ