Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 23:32 - Mukaddes Kitap

32 Ol gün siziň üçin Sabat, doly dynçlyk günüdir. Siz agyz bekläň. Aýyň dokuzy gününiň agşamyndan ertesi agşama çenli Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Ол гүн сизиң үчин Сабат, долы дынчлык гүнүдир. Сиз агыз бекләң. Айың докузы гүнүниң агшамындан эртеси агшама ченли Сабат гүнүниң канунларыны ерине етириң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 23:32
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Her Sabat gününiň öňüsyrasy, agşam garaňky gatlyşyberende, men Iýerusalimiň derwezeleriniň ýapylmalydygyny tabşyrdym. Sabat geçýänçä, olar açylmasyn diýip buýruk berdim. Onsoň men Sabat güni içerik ýük girizilmesin diýip, öz hyzmatkärlerimiň birnäçesini derwezede goýdum.


Betkärler ol ýerde ýykyldylar, ýere ýazyldylar, galyp bilmeýärler.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Sionda ýas tutýanlaryň aladasyny etmäge: külüň deregine owadan başatgyjyny, ýasyň deregine şatlyk ýagyny, gamgyn ruhuň deregine alkyş donuny bermäge iberdi meni. Rebbiň şöhratyny görkezmek üçin ekilen dogrulyk dub agaçlary diýler olara.


Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.


Ol gün Sabat güni bolup, siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün siz gije-gündiz agyz bekläň. Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun.


«Ýedinji aýyň onunjy güni günäden saplanma günüdir. Şol gün siziň üçin mukaddes ýygnanyşyk güni bolsun. Siz gije-gündiz agyz bekläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň.


Siz şol gün işlemäň, bu siziň bütin nesilleriňiz üçin nirede ýaşaýandyklaryna garamazdan, ebedilik düzgün bolsun.


Gussa çekýänler bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.


Biz ilki özümizi synap gören bolsadyk, onda höküme uçramazdyk.


Şonuň üçin, geliň, şol dynçlyk mekanyna girmek üçin jan edeliň. Hiç kim ysraýyl halky ýaly Hudaýa bitabynlyk edip, dynçlykdan mahrum bolmasyn.


Biz bolsa iman edendigimiz üçin, dynçlyk mekanyna gireris. Iman etmedikler hakda bolsa Hudaý şeýle diýdi: «Şoňa görä, olar dynçlyk mekanyma girmezler diýip, Öz gazabymda Men kasam etdim». Ol bu ýeriň hatda dünýä ýaradylaly bäri taýyn edilendigini aýtdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ