23 Reb Musa şeýle diýdi:
23 Реб Муса шейле дийди:
Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetlerindäkileri ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň. Olary garyp-gasara we gelmişege goýuň. Hudaýyňyz Reb Mendirin“».
«Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir.
gara maly ýa goýun-geçini Rebbe ot üsti bilen hödür edip, ondan aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde bereniňizde we bellemeli baýramlaryňyzda edilişi ýaly, ýakma gurbanlyk ýa-da başga gurbanlyk bereniňizde, olaryň ýakymly ysy Rebbe hoş ýakýar.
Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür.