Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 23:2 - Mukaddes Kitap

2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbiň dini baýramlary, ýagny siz tarapyndan mukaddes ýygnanyşyklar hökmünde yglan edilmeli Meniň baýramlarym, ine, şulardyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Ысрайыл халкына айт: „Реббиң дини байрамлары, ягны сиз тарапындан мукаддес йыгнанышыклар хөкмүнде ыглан эдилмели Мениң байрамларым, ине, шулардыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 23:2
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehu öz adamlaryna: «Bagalyň hatyrasyna oňa sežde etmek üçin ýygnanyşyk gününi yglan ediň» diýip buýruk berdi. Ýehuwyň adamlary Bagala sežde edilmeli güni yglan etdiler.


Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler.


Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.


Şeýdip, halk Iýerusalime gelip, Ysraýyl Hudaýy Reb üçin Pesah baýramyny bellesinler diýip, Beýerşebadan Dana çenli tutuş Ysraýylda yglan etmeli diýen karara geldiler, sebäbi halkyň köp bölegi Pesah baýramyny aýdylyşy ýaly ýerine ýetirmändiler.


Soňra hemişelik ýakma gurbanlyklaryny, Täze Aýda we Rebbiň mukaddes baýramlarynda berilýän sadakalary we her kimiň Rebbe meýletin sadakalaryny berdiler.


Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.


Harun muny görende, onuň öňünde gurbanlyk sypasyny ýasady we jar edip: «Ertir Rebbiň şanyna baýramçylyk ederis» diýdi.


Baýramlar geçirilýän Sion şäherine seret! Gözleriňiz asuda mekan, sarsmaz çadyr bolan Iýerusalimi görer, onuň gazyklary sogrulmaz asla, ýüpleriniň hiç biri üzülmez.


Siona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar.


Olar dawada kazy hökmünde çykyş edip, Meniň hökümlerim boýunça karar çykararlar; ähli baýramlarymyň kada-kanunlaryny we parzlarymy, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirerler.


Onuň bar şadyýanlygyny, baýramlaryny, Täze Aý baýramyny we Sabat gününi, ähli dabaralaryny tamam ederin.


Agyz beklemäge belläň siz wagty, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy. Ýaşululary hem-de tutuş ýurduň halkyny ýygnaň Beýik Hudaýyňyzyň öýüne hem-de Rebbe dat-perýat ediň.


Sionda çalyň surnaýy, jar ediň mukaddes ýygnanyşygy, Agyz beklemäge belläň siz wagty,


Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.


Mukaddes ýygnanyşyklarda Rebbiň bellemegi buýran baýramlary şulardyr: Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlary: ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary, başga gurbanlyklary we hödür edilen içgileriň hemmesini öz bellenmeli günlerinde beriň.


Ine, Rebbiň şu baýramlaryny siz kesgitlenen wagtlarynda bellemelisiňiz.


Şeýdip, Musa ysraýyl halkyna Rebbiň bellenmeli baýramlaryny yglan etdi.


Ine, size hoş habar getirýän, parahatçylygy jar edýän çapar daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, beren wadalaryňy berjaý et. Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, çünki olar bütinleý ýok edilerler.


Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Hudaýyňyz Reb Mendirin».


Bulary siz aýdylan sadakaňyzyň, meýletin sadakaňyzyň, ýakma gurbanlygyňyzyň, galla we içgi sadakalaryňyzyň, salamatlyk gurbanlygyňyzyň daşyndan bellemeli baýramlaryňyzda Rebbe hödür ediň».


Biraz wagtdan ýahudylaryň bir baýramy boldy we Isa muny bellemek üçin Iýerusalime gitdi.


Men siziň üçin we Laodikiýadaky imanlylaryň, şeýle-de meni tanamaýanlaryň ählisi üçin nähili gaýduwsyz zähmet çekýändigimi bilmegiňizi isleýärin.


Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ