Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 23:13 - Mukaddes Kitap

13 Onuň bilen birlikde zeýtun ýagyna garylan ondan iki batman möçberindäki saýlama bugdaý ununy galla sadakasy hökmünde beriň. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu galla sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr. Hödür edilen içgi hökmünde bir küýze şerap beriň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Онуң билен бирликде зейтун ягына гарылан ондан ики батман мөчбериндәки сайлама бугдай унуны галла садакасы хөкмүнде бериң. Реббе от үсти билен берилйән бу галла садаканың ысы Оңа якымлыдыр. Хөдүр эдилен ичги хөкмүнде бир күйзе шерап бериң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 23:13
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

ýarym put mukdarda hindi dalçynyny al. Bularyň hemmesi mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçensin we dört küýze zeýtun ýagyny al.


Bu sypada başga hiç hili tütetgi ýakylmasyn, ýakma gurbanlygy ýa-da galla sadakasy berilmesin we onuň üstüne içgi sadakasy guýulmasyn.


Suwy hem ölçeg bilen içersiň. Ol ýarty küýze bolar; ony bellenen wagtda içersiň.


Galla sadakasy hökmünde berlen öküz üçin hem, goç üçin hem bir batman bugdaý we her batman üçin hem dört küýze ýag taýýarlar.


Şeýle hem onuň bilen her gün ertirine batmanyň altydan biri möçberinde saýlama un bilen, ony garmak üçin bir ýarym küýze ýag bilen galla sadakasyny hödür ediň. Bu ebedi düzgünler boýunça Rebbe hemişelik galla sadakasydyr.


Eý, ruhanylar, jul guşanyň, ýas tutuň! Eý, gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler, dat-perýat ediň! Eý, Hudaýymyň hyzmatkärleri, gijäňizi jul içinde geçiriň! Çünki galla, içgi sadakalary kesilendir Hudaýyňyzyň öýünden.


Rebbiň öýünden kesildi indi galla hem-de içgi sadakalary. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar tutýarlar ýasy.


Kim bilýär, belki, ýüz öwürmän, eder rehimi, Özünden soň goýar berekedini, hatda Hudaýyňyz Rebbe berilýän galladyr içgi sadakalaryny?


Sekizlenji gün ol adam iki sany bir ýaşar şikessiz goçy, bir sany şikessiz bir ýaşar guzyny, zeýtun ýagyna garylan ondan üç batmana barabar saýlama bugdaý ununy we bir şakäse zeýtun ýagyny galla sadakasy hökmünde ruhana getirip bersin.


Dessäni sadaka hökmünde ýokary galdyran günüňiz, siz Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde şikessiz toklyny hödürläň.


«Harunyň we onuň ogullarynyň bellenen güni Rebbe bermeli sadakasy, ine, şundan ybaratdyr: saýlama bugdaý ununyň ondan bir batmanyny gündelik sadaka hökmünde bersinler. Onuň ýarysy ertirine, beýleki ýarysy agşamyna berilsin.


Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we içgi sadakasynyň daşyndan, her Sabat güni berilýän ýakma gurbanlygy şudur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ