Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 22:32 - Mukaddes Kitap

32 Meniň ysraýyl halkynyň arasynda mukaddes hasaplanarym ýaly, siz Meniň adyma ysnat getirmäň. Sizi mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Мениң ысрайыл халкының арасында мукаддес хасапланарым ялы, сиз Мениң адыма ыснат гетирмәң. Сизи мукаддес эдйән Худайыңыз Реб Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 22:32
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Hökmürowan Reb adalatlylykda beýgeldiler, Mukaddes Hudaý dogrulykda Öz mukaddesligini görkezer.


Hökmürowan Rebbi, diňe Ony mukaddes saýyň; Ondan gorkuň, Ondan heder ediň!


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.


Meniň parzlarymy saklap, olary berjaý ediň. Sizi mukaddes edýän Reb Mendirin.


Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin.


«Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Harun we onuň ogullary ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna seresaply çemeleşsinler. Olar Meniň mukaddes adyma ysnat getirmesinler. Men Rebdirin“.


Siz Meniň buýruklarymy saklap, olary berjaý ediň. Men Rebdirin.


Siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsür ýurdundan çykaryp getiren Mendirin. Men Rebdirin».


Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň: „Eý, gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun!


Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýle diýiň: «Eý, Atamyz, adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin!


Seniň sözüň hakykatdyr. Hakykatyň arkaly olary mukaddes et.


Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesihe ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ