Şeýle haýwanlary Rebbe iýmit sadakasy hökmünde hödür etmek üçin, gelmişegiň elinden almaň, çünki olar maýyp-müjrüp, şikesli bolandyklary üçin, Rebbe iýmit sadakasy hökmünde kabul bolmaz“».
«Göle, guzy ýa-da owlak doglandan soň, ol ýedi günläp enesiniň ýanynda bolsun. Sekizinji günden başlap, ol Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk hökmünde kabul ediler.