Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 22:22 - Mukaddes Kitap

22 Kör, şikes ýeten ýa-da maýyp, baş keselli, gotur ýa-da demrewli maly Rebbe hödür etmäň, şeýle mallary Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde gurbanlyk sypasynyň üstüne goýmaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Көр, шикес етен я-да майып, баш кеселли, готур я-да демревли малы Реббе хөдүр этмәң, шейле маллары Реббе от үсти билен берилйән садака хөкмүнде гурбанлык сыпасының үстүне гоймаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 22:22
9 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Şikesli maly gurbanlyk bermäň, çünki ol kabul bolmaz.


Eger kimde-kim aýdylan ýa-da meýletin sadaka hökmünde gara mallardan ýa-da dowarlardan Rebbe salamatlyk gurbanlygyny bermekçi bolsa, onuň kabul bolary ýaly, ol gurat, şikessiz mal bolsun.


Göwresinde artyklygy ýa kemisi bolan öküzçäni ýa guzyny meýletin sadaka hökmünde hödürläp bilersiňiz, ýöne ol aýdylan sadakanyň ýerine kabul bolmaz.


Siz salamatlyk gurbanlygyndan bar içýaglary hem-de garyn içegeleriň daşyndaky bar ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür ediň.


Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Kör maly gurbanlyk etmek dürsmüdir? Agsak ýa-da kesel maly gurbanlyk etmek erbetlik dälmi? Şeýle maly öz häkimiňe bir eltip gör! Ol senden razy bolarmyka, haýyşyňy ýerine ýetirermikä? Muny Hökmürowan Reb diýýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ