Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 22:20 - Mukaddes Kitap

20 Şikesli maly gurbanlyk bermäň, çünki ol kabul bolmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Шикесли малы гурбанлык бермәң, чүнки ол кабул болмаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 22:20
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birinji aýyň birine şikessiz bir öküzçe al-da, mukaddes öýi tämizle.


Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.


Erkeklik tohumlygy ýenjilen, syndyrylan, ýolnan ýa-da kesilen maly Rebbe hödür etmäň, ýurduňyzda beýle iş edilmesin.


Şeýle haýwanlary Rebbe iýmit sadakasy hökmünde hödür etmek üçin, gelmişegiň elinden almaň, çünki olar maýyp-müjrüp, şikesli bolandyklary üçin, Rebbe iýmit sadakasy hökmünde kabul bolmaz“».


Berýän sadakaňyz salamatlyk gurbanlygy bolup, siz uly mal öldürmekçi bolsaňyz, onuň öküz ýa sygyrdygynyň parhy ýok, ol şikessiz mal bolmalydyr.


Eger salamatlyk gurbanlygy hökmünde Rebbe dowar süriňizden gurbanlyk hödür etmekçi bolsaňyz, onda ol goçmy, goýunmy, tekemi, geçimi – parhy ýok, ol şikessiz dowar bolmalydyr.


Kör maly gurbanlyk etmek dürsmüdir? Agsak ýa-da kesel maly gurbanlyk etmek erbetlik dälmi? Şeýle maly öz häkimiňe bir eltip gör! Ol senden razy bolarmyka, haýyşyňy ýerine ýetirermikä? Muny Hökmürowan Reb diýýär.


«Rebbiň buýran kanunyndaky parz şudur: ysraýyllar size gurat, şikessiz, boýnuna boýuntyryk salynmadyk bir gyzyl sygyr getirsinler.


Bir öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.


Bu mallaryň biri şikesli bolsa, ýagny agsak ýa-da kör bolup, şikesi uly bolsa, ony Hudaýyňyz Rebbe gurban etmäň.


Hudaýyňyz Rebbe ýetmezli, şikesli öküzi ýa-da goýny gurban etmäň. Çünki bu Hudaýyňyz Rebbe nejislikdir.


Eger şeýle eden bolsalar, onda Mesihiň gany arkaly has-da beýik işler edip bolar! Şeýdip, Mesih ebedi Ruhuň gudraty arkaly Özüni müýnsüz gurbanlyk hökmünde Hudaýa hödürledi. Onuň döken gany biziň wyždanymyzy ölüme eltýän işlerden päkleýär, şonda biz diri Hudaýa gulluk edýäris.


Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ