Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 22:2 - Mukaddes Kitap

2 «Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Harun we onuň ogullary ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna seresaply çemeleşsinler. Olar Meniň mukaddes adyma ysnat getirmesinler. Men Rebdirin“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Харуна ве онуң огулларына айт: „Харун ве онуң огуллары ысрайыл халкының Маңа багыш эден мукаддес садакаларына сересаплы чемелешсинлер. Олар Мениң мукаддес адыма ыснат гетирмесинлер. Мен Ребдирин“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 22:2
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men olara şeýle diýdim: «Siz Rebbe bagyş edilensiňiz, bu gap-gaçlar hem bagyş edilendir. Bu altyndyr kümüş siziň ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbe berlen meýletin sadakadyr.


siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. Mallaryňyzyň ähli ilkinji erkek doglanlary Rebbiňkidir.


Harun muny maňlaýyna daksyn. Bu Meniň üçin nyşan bolar: ysraýyllar Maňa bagyşlap getiren sadakalary babatda günä edenlerinde, bu günä Harunyň üstünde bolar. Şonuň üçin-de, Harun bu bezegi hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar.


Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Siz Meniň mukaddes zatlarymy goraman, gaýtam mukaddes öýümi goraýanlar hökmünde gelmişekleri öz başlaryna goýberdiňiz“».


Şeýdip, haramlyklary zerarly, mukaddes çadyrdan daşda bolmaklaryny ysraýyl halkyna duýduryň. Maňa ýüz tutulýan öýi haraplap, olaryň özleri hem murdarlykda ölmesinler.


Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.


Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Rebdirin.


Men hem ol adamdan ýüz öwrerin we ony öz halkym hökmünde görmerin. Çünki ol halk Meniň mukaddes öýümi harama çykaryp, Meniň mukaddes adyma ysnat getirip, öz perzendini Molege bagyş etdi.


Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.


Meniň ysraýyl halkynyň arasynda mukaddes hasaplanarym ýaly, siz Meniň adyma ysnat getirmäň. Sizi mukaddes edýän Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Onuň iň gowusyny sadaka bereniňizden soň, ondan iýseňiz, ýazykly bolmarsyňyz. Emma ysraýyllaryň berýän mukaddes sowgatlarynyň iň gowy bölegi sadaka berilmänkä iýip, harama çykarmaň, ýogsam ölersiňiz».


Mal-garalardyr dowarlaryňyzyň ilkinji guzlan erkegini Hudaýyňyz Reb üçin aýryp goýuň. Sygryňyzyň ilkinji gölelän öküzçesine iş etdirmäň, dowaryňyzyň ilkinji guzlan goçuny gyrkmaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ