Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 22:13 - Mukaddes Kitap

13 Emma ruhanynyň gyzy aýrylyşyp ýa dul galyp, çagasy bolman, ýaşlygyndaky ýaly atasy öýüne dolanyp gelse, ol kakasynyň saçagyndan iýip biler, ýöne başga bir gelmişek ondan iýmesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эмма руханының гызы айрылышып я дул галып, чагасы болман, яшлыгындакы ялы атасы өйүне доланып гелсе, ол какасының сачагындан ийип билер, йөне башга бир гелмишек ондан иймесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 22:13
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýahuda gelni Tamara: «Sen ataň öýüne git-de, oglum Şela ýigit çykýança, ol ýerde dullugyňa ýaşaber» diýdi. Çünki Ýahuda Şela-da beýleki iki dogany ýaly öler öýdüp gorkýardy. Şeýdip, Tamar atasy öýüne gitdi.


Häkim olara Urymy we Tummymy ulanyp bilýän ruhany tapylýança, iň mukaddes nahardan iýmezligi tabşyrdy.


Soňra Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Pesahyň düzgünleri şudur: Ýeke gelmişek-de gurbanlykdan iýmeli däldir.


Ruhanyçylyga bellenip, özlerini bagyş etmekleri üçin, bu günäden saplama gurbanlygynyň naharyndan özleri iýsinler. Emma bulardan başga hiç kim mundan iýmeli däldir, sebäbi bu nahar mukaddesdir.


Siz Meniň mukaddes zatlarymy goraman, gaýtam mukaddes öýümi goraýanlar hökmünde gelmişekleri öz başlaryna goýberdiňiz“».


Emma Rebbe göterme sadaka hökmünde berlen döş bilen üwreme sadaka hökmünde budy sen öz ogullaryň we gyzlaryň bilen bile islendik halal ýerde iýip bilersiň. Çünki bular ysraýyl halkynyň salamatlyk gurbanlyklaryndan saňa we seniň çagalaryňa berlen paýdyr.


Ruhany maşgalasyndan bolmadyk adam mukaddes sadakalardan iýmeli däldir. Ruhanyňkyda wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi mukaddes sadakalardan iýmesin.


Eger ruhanynyň gyzy ruhany maşgalasyndan bolmadyk birine durmuşa çyksa, ol hödür edilen mukaddes sadakalardan iýmeli däldir.


Ol aýal onuň öýünden gidip, başga birine durmuşa çykyp biler.


Şawulyň çopanlarynyň başlygy edomly Döweg hem bu gün şol ýerdedi. Ol Rebbiň huzurynda dini dessurlary berjaý edýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ