Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 21:9 - Mukaddes Kitap

9 Eger ruhanynyň gyzy loluçylyga baş urup, özüni biabraý etse, ol atasynyň adyna hem ysnat getirýär. Beýle gyz oda ýakylsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Эгер руханының гызы лолучылыга баш уруп, өзүни биабрай этсе, ол атасының адына хем ыснат гетирйәр. Бейле гыз ода якылсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 21:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar loluçylyga ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi.


Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetiriň, sebäbi bu gün siziň üçin aýratyndyr. Kimde-kim ony harlasa, ölüme höküm ediler. Şol gün iş eden adam öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar.


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Gojalary, ýigitleri, boý gyzlary, çagalar bilen aýallary öldüriň, emma maňlaýynda bellik bolanlara golaýlaşmaň. Meniň mukaddes öýümden başlaň» diýdi. Olar-da öýüň öňündäki ýaşululardan başladylar.


Gyzlaryňyzy loluçylyga satyp, olary biabraý etmäň. Eger siz şeýle etseňiz, ýurt zynahorlyga berlip, ol azgynlykdan dolar.


Eger bir erkek bir aýala hem-de onuň ejesine-de öýlense, bu azgynlykdyr. Araňyzda azgynlyk bolmaz ýaly, ol adam aýaly we onuň ejesi bilen bile oda ýakylsyn.


Men siziň tohum-tijiňizi ýazgararyn. Baýramçylyklarda gurban edýän mallaryňyzyň dersini ýüzüňize sürterin we siz huzurymdan äkidilip, derse taşlanarsyňyz.


ony atasy öýüniň girelgesine getirsinler-de, galanyň erkekleri daşlap öldürsinler, sebäbi ol atasy öýünde loluçylyk edip, Ysraýylda masgaraçylykly iş edipdir. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.


Ýygnaga ýolbaşçy belleniljek adam müýnsüz we aýalyna biwepalyk etmeýän bolmalydyr. Onuň çagalary hem iman edýän, azgynlykda, bitabynlykda aýyplanmaýan bolmalydyr.


Ýok edilmeli zatlardan ogurlan adam görkezilip, tutuş maşgalasy, ähli emlägi özi bilen birlikde oda ýakylsyn, sebäbi ol Rebbiň ähtini bozdy we Ysraýylyň arasynda masgaraçylykly iş etdi“».


Ýeşuwa Akana: «Biziň başymyza nähili bela getiren bolsaň, indi Reb şol bela-beteri seniň öz başyňdan inderer» diýdi. Soňra ähli ysraýyllar ony maşgalasy bilen bile daşlap öldürdiler we olary oda ýakdylar.


Şunlukda, Rebbiň huzurynda bularyň günäsi juda agyrdy. Sebäbi olar Rebbe niýetlenen sadakany hormatlamaýardylar, ony äsgermeýärdiler.


Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş – olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ