Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 21:8 - Mukaddes Kitap

8 Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Сиз руханылары мукаддес сайың, чүнки Худайыңыза иймит садакасыны олар хөдүрлейәрлер. Халк хем олары мукаддес сайсын, себәби сизи мукаддес эдйән Мен – Реб мукаддесдирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 21:8
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hudaýym, olaryň bu etmişini unutma. Çünki olar ruhanylyga ysnat getirdiler, ruhanylaryň we lewileriň ähtini bozdular.


Reb Musa şeýle diýdi: «Adamlaryň ýanyna bar, şu gün we ertir inlerini tämizlemegi buýur, goý, olar geýimlerini-de ýuwsunlar.


Şeýdip, Musa dagdan aşak, adamlaryň ýanyna düşdi we olara inlerini tämizlemegi buýurdy. Olar geýimlerini hem ýuwdular.


Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag guýup belle we Maňa bagyş et.


Harun we onuň ogullary Meniň ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, olary Maňa şeýle bagyş et: bir sany ýaş öküzçe we hiç bir şikessiz iki sany goç al.


«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin.


Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Siz Meniň gurbanlyk sypamda haram gurbanlyklar hödürläp, Meniň adymy kemsitdiňiz. Siz ýene-de: „Biz nädip Seni haram etdik?“ diýip soraýarsyňyz. „Rebbiň saçagyny kemsitsek hem bolar“ diýip, Meni haram etdiňiz.


«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr.


onda näme Meni Hudaýyň Ogly diýenim üçin küpür geplän hasaplaýarsyňyz? Meni bolsa Atam Özi üçin saýlap-seçip, dünýä iberdi.


Olar hem Seniň hakykatyň arkaly mukaddes bolary ýaly, Men Özümi Saňa bagyş etdim.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


Bize hut şunuň ýaly – mukaddes, ýazyksyz we päk Baş Ruhany gerekdi. Ol günälilerden aýrylyp, göklerden hem ýokary göterilendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ