Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 21:6 - Mukaddes Kitap

6 Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Руханылар өзлерини Худая багыш этсинлер ве Худайың адына ыснат гетирмесинлер. Чүнки Реббе от үсти билен берилйән иймит садакасыны хөдүрлейән шолардыр. Руханылар мукаддес болмалыдырлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 21:6
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men olara şeýle diýdim: «Siz Rebbe bagyş edilensiňiz, bu gap-gaçlar hem bagyş edilendir. Bu altyndyr kümüş siziň ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbe berlen meýletin sadakadyr.


Hatda Meniň ýakynyma geljek ruhanylar hem inlerini tämizlesinler, ýogsam Men olaryň-da jezasyny bererin» diýdi.


Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Möhür dek, onuň ýüzüne „Rebbe bagyş edilen“ diýen sözleri oýup ýaz.


Maňa ýüz tutulýan çadyry we gurbanlyk sypasyny mukaddes ederin. Şeýle hem, Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, Haruny we onuň ogullaryny Özüme bagyş ederin.


Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.


Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Rebdirin.


Men hem ol adamdan ýüz öwrerin we ony öz halkym hökmünde görmerin. Çünki ol halk Meniň mukaddes öýümi harama çykaryp, Meniň mukaddes adyma ysnat getirip, öz perzendini Molege bagyş etdi.


«Harun bilen gepleşip, oňa şeýle diý: „Seniň tohum-tijiňiň geljekki nesilleriňden-de nogsanly adam Rebbe bagyş edilen iýmit sadakasyny hödür etmesin.


Harunyň neslinden bolan nogsanly ruhany Rebbe ot üsti bilen berilýän sadakalary hödürlemesin; nogsanlydygy zerarly ol Hudaýa iýmit sadakasyny hödürlejek bolup, gurbanlyk sypasyna asla ýakynlaşmasyn.


Emma ol tutynyň ýanyna ýa-da gurbanlyk sypasyna golaýlaşmasyn. Çünki ol nogsanlydyr. Ol bu mukaddes zatlara ýakynlaşyp, olary harlamasyn. Ruhanylary mukaddes edýän siziň Hudaýyňyz Reb Mendirin“».


Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin.


Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.


Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.


«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ