11 Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin.
11 Ол хич бир өлә якынлашып, хатда өз какасы я эҗеси үчин хем өзүни харам этмесин.
Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Men Rebdirin.
Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr.
Eger çadyrda biri ölse, şu kada ulanylsyn: çadyryň içindäki we şol wagt çadyra giren her bir adam ýedi gün haram hasaplansyn.
«Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.
Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.
Ol: „Ata-enem bar diýip, olara seretmedim“ diýdi. Doganyny tanamady, çagalaryny unutdy. Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy, Seniň ähtiňi saklady.