Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 21:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Реб Муса шейле дийди: «Руханылар, ягны Харун огуллары билен геплешип, олара шейле дий: „Оларың хич бири өз гарындашларындан болан мерхума галташып, өзлерини харам этмесин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 21:1
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olaryň hiç biri öliniň ýanyna baryp, özüni haram etmeli däldir; diňe ata-enesi üçin, ogul-gyzy üçin, erkek dogany we durmuşa çykmadyk gyz dogany üçin özlerini haram edip bilerler.


«Muny eşidiň, eý, ruhanylar. Dykgat ediň, eý, ysraýyllar! Gulak as, patyşanyň öýi! Siziň üstüňizden höküm çykarylar. Sebäbi siz Mispada duzak bolduňyz. Taborda gurlan tor bolduňyz.


Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Men Rebdirin.


Ol hiç bir ölä ýakynlaşyp, hatda öz kakasy ýa ejesi üçin hem özüni haram etmesin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi, eý, ruhanylar, bu buýruk siziň üçindir. Eger diňlemeseňiz, adymy şöhratlandyrmagy ýürekden islemeseňiz, onda Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz.


Şonda Lewi bilen eden ähtimiň saklanmagy üçin, bu buýrugy size ýollandygymy biliň. Muny aýdýan Hökmürowan Rebdir.


Jesede degen kişi ýedi günläp haramdyr.


Eger çadyrda biri ölse, şu kada ulanylsyn: çadyryň içindäki we şol wagt çadyra giren her bir adam ýedi gün haram hasaplansyn.


Eger kimde-kim meýdanda gylyçdan ölen ýa öz ajalyna ölen adamyň jesedine, ýa-da adam süňküne ýa mazaryna galtaşsa, ol ýedi gün haram saýylar.


«Ysraýyllara buýruk ber: ýokançly deri we akma kesellini ýa-da ölä galtaşyp haram bolany,


Onuň saçy Rebbe bagyş edilendiginiň nyşanydyr. Özüni Rebbe bagyş eden günlerinde ol jesede golaýlaşmasyn. Hatda onuň atasy ýa enesi, dogany ýa uýasy öläýende-de, ol özüni haram etmesin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ