Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 20:9 - Mukaddes Kitap

9 Kakasyny ýa-da ejesini näletlän adam öldürilsin. Öz kakasyny we ejesini näletländigi üçin, onuň gany öz boýnunadyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Какасыны я-да эҗесини нәлетлән адам өлдүрилсин. Өз какасыны ве эҗесини нәлетләндиги үчин, онуң ганы өз бойнунадыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 20:9
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut amalege: «Döken ganyň öz başyňa barsyn. Çünki sen Rebbiň seçip-saýlan adamyny öldürendigiňe öz diliň bilen şaýatlyk etdiň» diýdi.


Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy.


Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin.


Ata-enesini näletleýäniň tüm garaňkylykda çyrasy söner.


Şeýle adamlar bar, atasyna gargaýandyr, enesine alkyş edýän däldir.


Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.


Öz peýdasyna karz berip, göterimine pul berer. Beýle ogul diri galarmy? Ýok, diri galmaz. Ol bu nejis işleriň ählisini etdi, ol hökman öler we dökülen gany öz boýnuna bolar.


Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.


Eger bir aýal bir haýwan bilen jyns gatnaşygyny etse, ol aýal-da, haýwan-da öldürilsin. Olar öldürilsin, olaryň ganlary öz boýunlarynadyr.


Jadygöý, palçy bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“».


Hudaý: „Ata-eneňe hormat goý“, şeýle-de, „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy.


Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi.


Musa: „Ata-eneňe hormat goý“ we „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“ diýip buýrupdy.


„Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Eger-de kimde-kim seniň öýüňden daşary çyksa, ol ölümini özünden görsün, bu biziň günämiz bolmaz, emma seniň bilen öýüňde bolan adama el göterilse, onda biz onuň ölümini öz üstümize alýarys.


Bu Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň nähak ganyny döken Abymelekden we oňa muny etmäge goltgy beren Şekem ilatyndan ar almak üçin şeýle boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ