«Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň araňyzdaky ähtiň geljekki nesilleriňiz boýy dowam etjek nyşanydyr. Munuň bilen sizi mukaddes halkym eden Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.
Olary mukaddes halk eden Meniň Rebdigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat günlerimi hem olar üçin belledim.
Siz Meniň parzlarymy berjaý ediň. Mal-garalaryňy başga görnüşdäki mallar bilen çaknyşdyrma. Ekin meýdanyňda iki hili tohumy bile ekme we iki hili matadan tikilen eşik geýme.
Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin.
Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň Şalygynda uly saýylar.
Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.
Eý, Reb tarapdan söýülýän doganlar! Siz halas bolup bileriňiz ýaly, Hudaý sizi ilkinjiler hökmünde saýlady. Siz Mukaddes Ruh arkaly päklenip, hakykata bolan imanyňyz arkaly halas bolduňyz. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris.