Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 20:3 - Mukaddes Kitap

3 Men hem ol adamdan ýüz öwrerin we ony öz halkym hökmünde görmerin. Çünki ol halk Meniň mukaddes öýümi harama çykaryp, Meniň mukaddes adyma ysnat getirip, öz perzendini Molege bagyş etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Мен хем ол адамдан йүз өврерин ве оны өз халкым хөкмүнде гөрмерин. Чүнки ол халк Мениң мукаддес өйүми харама чыкарып, Мениң мукаддес адыма ыснат гетирип, өз перзендини Молеге багыш этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 20:3
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne guýsa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».


«Eý, ysraýyl halky, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Meni diňlemejek bolsaňyz, gidiň, mundan beýläk her kim öz butlaryna gulluk etsin; ýöne sadakalaryňyzdyr butlaryňyz bilen Meniň mukaddes adyma ysnat getirmäň.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Barlygymdan ant içýärin, ähli ýigrenji zatlaryňyz we nejis işleriňiz bilen mukaddes öýümi murdar edendigiňiz üçin, Men-de sizi gylyç bilen gyryp taşlaryn; gözüm gaýgyrmaz we haýpym gelmez.


Şeýdip, haramlyklary zerarly, mukaddes çadyrdan daşda bolmaklaryny ysraýyl halkyna duýduryň. Maňa ýüz tutulýan öýi haraplap, olaryň özleri hem murdarlykda ölmesinler.


Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin.


Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.


Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Rebdirin.


Eger ýurduň halky perzendini Molege berýän adamy görmezlige salyp öldürmese, Meniň Özüm ol adamdan we onuň maşgalasyndan ýüz öwrerin. Ony Molegiň yzyna eýerip, zynahorlyga ýüz uranlaryň bary bilen bile Öz halkymdan çetleşdirerin.


Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar.


Eger kimde-kim haram bolubam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn.


Eger kimde-kim islendik haram zada: ynsan haramlyklaryna, haram mala ýa-da islendik haram jandara galtaşybam, Rebbe hödür edilen salamatlyk gurbanlygynyň etinden iýse, ol öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn“».


Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr.


Emma haram bolubam özüni tämizlemeýänler jemagatyň arasyndan kowlup çykarylsyn. Çünki olar Rebbiň mukaddes öýüni haram edendirler. Olaryň üstüne tämizlik suwunyň sepilmändigi üçin, olar haramdyrlar.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Ýöne Rebbiň ýüzi ýamanlyk edýänlere garşydyr».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ