Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 20:26 - Mukaddes Kitap

26 Meniň üçin mukaddes boluň, çünki Men – Reb mukaddesdirin we Men sizi beýleki halklardan Özümiňki bolmagyňyz üçin saýlap aldym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Мениң үчин мукаддес болуң, чүнки Мен – Реб мукаддесдирин ве Мен сизи бейлеки халклардан Өзүмиңки болмагыңыз үчин сайлап алдым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 20:26
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki Reb ýagşy, Onuň söýgüsi baky, wepadarlygy – nesillerboýy.


Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi.


Ýoldan sowluň, ýodadan aýrylyň, bizi Ysraýylyň Mukaddesi bilen ýüzleşdirmäň» diýýärler.


Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».


Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň.


«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin.


Emma Men size şeýle diýdim: ‘Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin’. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Şonuň üçin siz iniňizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Meniň parzlarymy saklap, olary berjaý ediň. Sizi mukaddes edýän Reb Mendirin.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Ýeşuwa halka: «Siz Rebbe gulluk edip bilmersiňiz, çünki Ol mukaddes Hudaýdyr, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Siziň ýazyklaryňyzy ýa-da günäleriňizi bagyşlamaz.


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ