Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 20:24 - Mukaddes Kitap

24 Emma Men size şeýle diýdim: ‘Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin’. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb Mendirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Эмма Мен сизе шейле дийдим: ‘Оларың юрдуны сиз мирас аларсыңыз, Мен сүйт ве бал акян, мес топраклы юрды сизе мүлк эдип берерин’. Сизи бейлеки миллетлерден сайлап алан Худайыңыз Реб Мендирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 20:24
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hökmürowan Reb, Sen atalarymyzy Müsürden çykaranyňda, guluň Musa arkaly aýdyşyň ýaly, Özüňe mirasdar etmek üçin dünýäniň ähli halklarynyň arasyndan ysraýyl halkyny Öz halkyň hökmünde saýladyň».


Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Reb Musa: «Baryň, bu ýeri taşlap gidiň. Sen we Müsürden getiren halkyň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesillerine Meniň wada beren ýerime gidiň.


Eger biziň bilen gitmeseň, onda meniň we halkyňyň Seniň öňüňde merhemet gazanandygy nädip bilinsin? Şonuň üçin hem meniň we halkyňyň ýer ýüzündäki ähli halklardan aýratyndygymyzy görkez» diýdi.


Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi.


Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».


«Siz Meniň mülk edip berýän Kengan ýurduma baranyňyzdan soň, Men siziň öýleriňiziň birinde zeň döretsem, şol öýüň eýesi ruhanynyň ýanyna gelip: „Öýümde zeň peýda boldy“ diýsin.


Meniň üçin mukaddes boluň, çünki Men – Reb mukaddesdirin we Men sizi beýleki halklardan Özümiňki bolmagyňyz üçin saýlap aldym.


Gaýalaryň depesinden men Ysraýyly görýärin. Baýyrlardan men oňa bakyp durun. Ine, aýry ýaşaýan bir halkdyr ol, milletler arasynda aýry hasaplanýar.


Dünýäden bolan bolsadyňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Emma siz bu dünýä degişli dälsiňiz. Men sizi bu dünýäden saýlap aldym. Ine, şonuň üçin hem, dünýä sizi ýigrenýär.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin, sizi ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden saýlady.


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ