Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Ruhany Rebbiň ýoluna berilýän bu sadaka paýyny galla sadakasyndan bölüp aýryp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadakanyň ysy Oňa ýakymlydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Руханы Реббиң ёлуна берилйән бу садака пайыны галла садакасындан бөлүп айрып, оны гурбанлык сыпасында яксын. Реббе от үсти билен берилйән бу садаканың ысы Оңа якымлыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 2:9
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


Emma onuň ezilmesi, dert çekmesi Rebbiň islegidi. Onuň jany günä gurbanlygy edilse, ol neslini görer, onuň ömri uzar; Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.


Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Onsoň ruhany döwlen bugdaýyň belli bir mukdaryny we ýakymly ysly tütetgili zeýtun ýagyny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen sadaka paýydyr.


Onsoň galla sadakasy Harunyň ogullaryna – ruhanylara getirilip berilsin. Ruhany zeýtun ýagyna garylan saýlama bugdaý unundan bir goşawujyny, ýakymly ysly tütetginiň baryny alyp, olary gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berlen bu sadaka paýynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Rebbe şeýle bişirilen galla sadakasyny hödür ediň. Çörek ruhana getirilip berlenden soň, ol ony gurbanlyk sypasynyň ýanyna alyp barsyn.


Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar.


Edil salamatlyk gurbanlygynyň bar ýagyny alşy ýaly, ruhany bu geçiniň hem ähli ýagyny alsyn. Soňra Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Şeýdip, ruhany günä gurbanlygy üçin berlen geçi bilen günälini günäsinden saplasyn we Hudaý onuň günäsini geçer.


Ol ony ruhana getirip bersin. Ruhany undan Rebbiň ýoluna hödürlenen paý hökmünde bir goşawuç alyp, ony Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýy bilen bile gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Bu günä gurbanlygydyr.


Ruhany galla sadakasynyň zeýtun ýagyna garylan saýlama unundan we onuň üstündäki ýakymly ysly tütetgiden goşawujyny dolduryp alyp, olary Rebbiň ýoluna ot üsti bilen berilýän sadaka paýy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr.


Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Onsoň ruhany Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde galla sadakasyndan bir goşawujyny alyp, ony gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Soňra aýala suwy içirsin.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


meni Isa Mesihiň hyzmatkäri hökmünde başga milletleriň arasyna iberdi. Men olara Hoş Habary wagyz edip, öz ruhanylyk borjumy berjaý edýärin. Şeýdip, bu milletler Mukaddes Ruh arkaly Hudaýyň mukaddes halky we Onuň halaýan sadakasy bolar.


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ