Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Siz bu zatlary Rebbe ekiniňiziň ilkinji hasyl sadakasy hökmünde berip bilersiňiz. Emma olar gurbanlyk sypasynda ýakymly ys çykarmak üçin ýakylmasyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Сиз бу затлары Реббе экиниңизиң илкинҗи хасыл садакасы хөкмүнде берип билерсиңиз. Эмма олар гурбанлык сыпасында якымлы ыс чыкармак үчин якылмасын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 2:12
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şunlukda, Epronyň Mamräniň gündogarynda ýerleşýän Makpeladaky mülki gowagydyr ähli baglary bilen bile Ybraýymyň eýeçiligine geçdi. Hetler-de, gala derwezesinde oturan ýaşulular-da muny ykrar etdiler.


Patyşanyň buýrugy ýaýran badyna, ysraýyl halky dänäniň, şerabyň, ýagyň, balyň we ekin meýdanynyň ähli önümleriniň ilkinji miwelerinden bolluk bilen berdiler; hemme zatdan ondan birini sahylyk bilen berdiler.


Hasylyňyzyň üzüm şerbedinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Nowbahar ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň.


Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».


Bugdaýyň ilkinji hasylyndan Galla baýramyny belläň. Ýylyň ahyrynda hasyl toý beriň.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Size berjek ýurduma baryp, onuň hasylyny ýygnan mahalyňyz, ilkinji hasyl desselerini ruhana getirip beriň.


Siz ýaşaýan ýerleriňizden iki çöregi Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödür ediň. Olaryň her biri ondan iki batmana barabar saýlama bugdaý ununa ýugrulyp, ilkinji miwe hökmünde hamyrmaýaly bişirilen bolsun.


Ilkinji ýugran hamyryňyzdan bir çöregi edil harmandan sadaka berşiňiz ýaly edip hödür ediň.


Olaryň Rebbe hödür edýän iň oňat zeýtun ýagyny, iň oňat şerabyny we bugdaýyny, iň oňat önümlerini size berdim.


Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär.


Şeýdip, men Rebbiň özüme beren ýeriniň ilkinji miwesini getirdim“. Siz ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda goýup, Onuň huzurynda baş egip sežde ediň.


Bular ömürlerinde aýala ýanaşman, öz päkligini saklanlardy. Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna eýerýänlerdi. Bular ynsanlaryň arasyndan azat edilip, ilkinji hasyl hökmünde Hudaýa we Guza bagyş edilenlerdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ