Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Lewiler 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Rebbe sadaka berjek çöregiňiz hiç wagt hamyrmaýaly bolmasyn. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän bu sadaka hamyrmaýaly bolmaly däldir ýa-da bal goşulmaly däldir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Реббе садака берҗек чөрегиңиз хич вагт хамырмаялы болмасын. Чүнки Реббе от үсти билен берилйән бу садака хамырмаялы болмалы дәлдир я-да бал гошулмалы дәлдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Lewiler 2:11
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Maňa gurbanlyk üçin öldürýän malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn.


Soňra bulary olaryň elinden alyp, ýakma gurbanlygynyň üstünde goýup ýak. Huzurymda ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.


Maňa gurbanlyk üçin soýýan malyňyzyň ganyny hamyrmaýaly çörek bilen bermäň. Meniň baýramymyň şanyna gurban eden malyňyzyň ýagy ertire galmasyn.


Oglum, bal iý, çünki ol ýakymlydyr, bal damagyňa datlydyr.


Baly köp iýmek ýagşy däldir, şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.


Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.


Ertesi irden ruhany egnine nepis zygyr matadan tikilen içki geýimini we onuň üstünden zygyr matadan tikilen lybaslaryny geýsin. Soňra ol gurbanlyk sypasynyň üstündäki otda ýanan ýakma gurbanlyk malynyň külüni aýryp, ony gurbanlyk sypasynyň gapdalynda goýsun.


Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi.


Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi.


Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ